Sepleriň elýeterliligi

Yrakly türkmenleriň söweş wagtyndaky aladalary


Yrakly türkmenler, 2013.

Yrakly türkmenler, 2013.

Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň bu gezekki sany Yrakda ýaşaýan etniki türkmenler we «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy alnyp barylýan söweş meselesine bagyşlanýar.

Yrakda Mosuly «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak ugrunda söweş barýar. Şol bir wagtda, golaýda Kerkuk şäheri YD-nyň hüjüm eden jeňçilerinden arassalandy.

Mosul-da, Kerkuk-da etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerleri hasaplanylýar.

Eýsem häzirki ýagdaýda yrak türkmenleri nähili ýagdaýda?

Azatlyk radiosy yrakly türkmenleriň şu pursatdaky aladalary bilen gyzyklanyp, Yrak Türkmen frontynyň dolandyryjy geňeşiniň agzasy, Kürt dolanyşygyndaky Erbiliň türkmen halk wekili Aýdyn Maruf bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG