Sepleriň elýeterliligi

Yrak parlamenti alkogolly içgileri gadagan edýär


Eýran, bikanun içgiler.

Eýran, bikanun içgiler.

Yragyň parlamenti alkogolly içgileri satmagy, getirmegi we öndürmegi gadagan etmegi sese goýdy. Bu çäre täsirli yslamçy partiýalaryň göwnünden turar, käbir musulman däl azlyklarybolsa lapykeç eder öýdülýär.

Gadagançylygyň tarapdarlary 22-nji oktýabrda, ses berişligiň öňündenbu çäräniň Yragyň konstitusiýasyna gabat gelýändigini, Baş kanunyň yslama ters gelýän islendik kanuny gadagan edýändigini öňe sürdiler.

Emma oňa garşy durýanlar beýle çäräniň Yragyň konstitusiýasynyň dini azlyklaryň däp-dessurlaryna berýän kepilligine ters gelýändigini aýtdylar.

Bu kanun taslamasy soňky pursatda hödürlenip, adamlaryň ünsüniň Yragyň demirgazyk şäheri Mosul ugrunda barýan söweşlere gönügen wagty geçirildi.

Täze kanun gadaganlygy bozanlaryň her gezek $8 müňden $20 müňe çenli jerime tölemegini talap edýär.

Parlamentiň hristian agzasy Ýonadam Kanna bu kanunyň üstünden federal suda şikaýat etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG