Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Buharest ýörişi zorluga ýazdy


Buharest, Birleşik demonstrasiýasy, 12-nji iýul, 2015
Buharest, Birleşik demonstrasiýasy, 12-nji iýul, 2015

Rumyn paýtagtynda Moldowa bilen birleşmäge goldaw bildirýän ýöriş, birnäçe adam şäheriň simwoliki merkezinde pitnä garşy polisiýanyň hatarlaryny böwüsmäge synanyşyk edeninden soň, zorluga ýazdy.

Polisiýanyň sözçüsi ýerli telewideniýä 22-nji oktýabrda, Buharestiň esasy hökümet binasynyň daş işiginde bolan çaknyşykda 5 adamyň adamyňtussag edilendigini aýtdy.

Ýaraly bolanlar barada maglumat berilmedi. Emma ýerli media polisiýanyň üstüne çüýşe, taýak zyňanlaryň bolandygyny habar berdi.

Bu ýörişe 2 müň çemesi adam gatnaşdy. Olara rumyn resmileriygtyýar berdi we ýöriş, birnäçe adam mähelleden bölünip, Uniwersitet meýdançasyna barjak bolýança umuman parahat dowam etdi. Bu meýdança 1989-njy ýylyň dekabrynda kommunistlere garşy protestleriň merkezi bolupdy.

äMoldowany Rumyniýa bilen birleşdirmek meselesi örän gapma-garşylykly, hususan-da bu garşylyk Moldowanyň esli böleginiň rus dillilerden ybaratlygy bilen bagly.

XS
SM
MD
LG