Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kürt güýçleri Başigany aldylar


Yragyň kürt lideri Massud Barzani metbugat ýygnagynda çykyş edýär.
Yragyň kürt lideri Massud Barzani metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

Kürt güýçleri Mosulyň golaýyndaky Başiga şäherini 23-nji oktýabrda «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna alandyklaryny aýdýarlar.

Koalisiýa güýçleri bolsa «Yslam döwleti» toparynyň Yrakdaky soňky esasy mesgenine golaýlaýar.

Amerikan resmisiniň maglumatyna görä, Yragyň kürt lideri Massud Barzani ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Kartere Başiganyň YD jeňçilerinden azat edilendigini habar beripdir.

Karter Yragyň kürt regionynyň paýtagty Erbile 23-nji oktýabrda, "Yslam döwletiniň» jeňçilerine garşy alnyp barýan söweşi ýakyndan synlamak we belki-de türk goşunlarynyň bu sebitdäki roly barada maslahatlaşmak üçin geldi.

Başiga şäheri azyndan 500-den 1000-e çenli türk esgeriniň bolýan Başiga harby bazasynyň golaýynda ýerleşýär.

Olar Mosul hüjümine gatnaşmaly sünni we kürt söweşijilerine tälim berýärler.

XS
SM
MD
LG