Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidenti harbylary sylaglady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji oktýabrda ýurduň harby we güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylaryny ýurt garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» diýen ýubileý medaly bilen sylaglady.

Bu barada türkmen mediasy habar berýär.

Prezidentiň gutlag sözünde biraz öň milli goşunyň söweş taýýarlygyny barlamak üçin geçirilen harby okuwlar ýatlanylýar.

XS
SM
MD
LG