Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Bosgunlar lageri boşadylýar


Fransiýanyň häkimiýetleri migrant lagerini boşatmak işine başladylar, Kale, 24-nji oktýabr, 2016.

Fransiýanyň häkimiýetleri migrant lagerini boşatmak işine başladylar, Kale, 24-nji oktýabr, 2016.

Fransiýanyň häkimiýetleri port şäheri Kaleniň (Calais) golaýyndaky migrant lagerini boşatmak işine başladylar.

24-nji oktýabrda 1200-den gowrak polisiýa işgäri gözgyny ýagdaýdaky lagerden 6500-den gowrak migranty çykardylar.

Polisiýa migrantlary Kale şäherindäki registrasion merkeze alyp bardylar.

Fransiýanyň sudy tarapyndan makullanan bu çäräniň bir hepdäniň dowamynda amala aşyrylmagyna garaşylýar.

Plana görä, lagerde ýerleşýän afrikaly, Ýakyn gündogarly we Merkezi aziýaly migrantlaryň ählisiniň Fransiýanyň bosgunlar lagerlerine ýerleşdirilip, baş pena almak üçin ýüz tutmagy göz önünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG