Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Gazagystan bilen wizasyz režimi wagtlaýyn ýatyrdy


Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhedindäki "Temir Baba" geçelgesi

Türkmenistanyň we Gazagystanyň serhedindäki "Temir Baba" geçelgesi

Türkmenistan Gazagystan bilen wizasyz düzgünini wagtlaýyn ýatyrdy.

“Türkmenistanyň garaşsyzlyk gününiň 25 ýyllygynyň bellenmegi sebäpli goňşy ýurtda serhet howpsuzlygy çäreleri güýçlendirildi we 27-nji oktýabra çenli daşary ýurtly raýatlaryň ýurda ýeňilleşdirilen düzgüniň esasynda barmagy ýatyryldy” diýip, Gazagystanyň Mangystau regionynyň döwlet girdejileri boýunça departamentiniň metbugat-gullugynyň maglumatynda aýdylýar.

Iki ýurduň 2001-nji ýylda baglaşan özara ylalaşygyna laýyklykda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň serhetýaka ýerleriniň raýatlary we Gazagystanyň Atyrau we Mangystau regionlarynyň ýaşaýjylaryna serhetden wizasyz geçmäge rugsat berilýär.

Türkmenistan Gazagystan bilen özara serhedinden wizasyz geçmek düzgünini ýylyň dowamynda ençeme gezek ýatyrýar. Bu çäre adatça uly baýramçylyklara we prezidentiň welaýata saparyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG