Sepleriň elýeterliligi

Tähranda Hazaryň statusy maslahat edilýär


Hazar deňzi, Eýran

Hazar deňzi, Eýran

Tähranda Hazar deňziniň statusy boýunça konwensiýa maslahat edilýär.

Hazarýaka döwletleriň ýörite işçi toparynyň 47-nji maslahatyna Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýörite wekilleriniň we daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň, şeýle-de Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň gatnaşýandygyny Irna agentligi habar berdi.

Hazar deňziniň statusy Sowet Soýuzy dargaly bäri kesgitsiz galýar.

Deňziň kanuny statusyny kesgitlemek boýunça bäş döwletiň arasynda döredilen ýörite işçi toparyň soňky maslahaty 2016-njy ýylyň iýul aýynda Astanada geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG