Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak, peşmerga güýçleri Mosulyň töwereginde öňegidişlik gazandylar


Yragyň armiýasy Mosulyň gündogarynda YD söweşijilerini top okuna tutýar.
Yragyň armiýasy Mosulyň gündogarynda YD söweşijilerini top okuna tutýar.

Ýaňy hepdäniň soňunda “Yslam döwleti” atly toparyň “demirgalasy” hasaplanylýan Mosulyň günortasynda, gündogarynda we demirgazygynda ençeme obadyr şäherleri öz kontrollygyna geçiren Yragyň harbylary we kürt peşmerga güýçleri häzir bu şäheriň üç tarapynda ýerleşýär.

Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky ýaranlygyň howadan urýan zarbalary bilen goldalýan peşmerga söweşijileri we Yragyň goşuny harby operasiýalaryny özara koordinirlemek bilen alyp barýalar.

23-nji oktýabrda peşmerga güýçleri demirgazyk-günbatar ganatda 8 obany ele geçirdiler. Olar Mosulyň 9 kilometrliginde ilerläp gelýärler.

Yragyň kürt awtonom regionynyň prezidenti Masud Barzaniniň Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Aş Kartere aýtmagyna görä, peşmerga Mosulyň 24 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän we strategik şäher bolan Başigany-da öz kontrollygyna geçiripdir.

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadiniň regiondaky türk güýçleriniň söweşe goşulmazlygy barada eden çagyryşlaryna garamazdan, Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýyldyrym türk tanklarynyň we artilleriýasynyň peşmergany goldaýandygyny bildirdi.

“CNN Türk“ telekanaly ýyldyryma salgynayp, peşmerga güýçleriniň Başiga regionyny “Yslam döwletiniň” jeňçilerinden arassalamagy girişendigini we Türkiýänkň harbylaryndan “bu barada kömek sorandygyny” habar berdi.

Ankaranyň demirgazyk Yrakdaky harby operasiýalara goşulmagynyň Bagdat bilen bolan dartgynlylygy artdyrmagy mümkin.

2014-nji ýylyň awgustynda “Yslam döwleti” Başigany basyp alaly bäri, bu şäher jeňçi topar bilen peşmeganyň söweşijileriniň arasynda front liniýasy bolup durýardy.

2015-nji ýylyň aýaklarynda Başiganyň gündogarynda 500-1000 çemesi türk ýaragly güýçleri ýerleşdirildi. Olaryň işi “Yslam döwletine” garşy söweşde sünni arap söweşijilerine we peşmerga güýçlerine türgenleşik bermek.

Mosuly yzyna almak baradaky hüjüme öten hepde başlandy. Peşmerga ilki gündogardan hereket edip, soňra demirgazyk-gündogara geçdi.

Yragyň harby güýçleri hem hepdäniň ahyrynda Mosulyň takmyndan 12 kilometr gündogarynda ýerleşýän we strategik taýdan ähmiýetli bolan Bartella şäherini aldy. Bu ýerden Mosul bilen kürt regionynyň merkezi bolan Irbili birikdirýän Yragyň “2-nji şaýolyna” kontrollyk edip bolýar.

22-nji oktýabrda Yragyň güýçleri taryhy taýdan hristianlaryň şäheri bolan Hamdaniýany hem yzyna aldy.

Muňa garamazdan 24-nji oktýabrda ir ertir gowşan habarlardan çent tutulsa, “Yslam döwletiniň” jeňçileri Mosulyň günbataryndaky territoriýa, şol sanda Yragyň Siriýa gelip girýän “2-nji şaýolyndak” pozisiýalara şindi-de kontrollykda edýär.

Günbatar liderleri bu toparyň jeňçileri parahat ilata garyşyp, günbatara tarap gaçmaga synanyşar diýip howatyr edýärler.

Ýöne harby analizçiler “Yslam döwletiniň” çet ýutly söweşijileri Mosulda galyp, şäheriň içindäki pozisiýalardan uruş alyp barar diýen pikirde.

Yragyň ýobaşçylygyndaky hüjüm ýola goýlup, onuň tanklary we artilleriýa güýçleri şähere tarap ilerläninde “Yslam döwleti” Mosuldan günbatara we günorta tarap hüjüme geçmek bilen muňa gaýtawul berdi.

23-nji oktýabrda jeňçi toparyň Rutbadaky hökümet güýçlerine hüjüm etmegi, ýerli resmileriň Bagdatdan kömek soramagyna getirdi.

Ondan iki gün öň, 21-nji oktýabrda, Yragyň howpsuzlyk güýçleri “Yslam döwletiniň” Mosulyň 175 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän Kirkuk şäherine eden güýçli hüjümini yza serpikdirdi.

XS
SM
MD
LG