Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bu meşhur filmleriň esasy F. Scott Fitzgeraldyň eserleridir


"Uly Ketsbi" kinofilminden bir pursat 2013.
"Uly Ketsbi" kinofilminden bir pursat 2013.

"Hollywood" taryhyna ser salnanda, esasy ýüki ýazyjylaryň ýagyrnysy bilen çekýändigini görýärsiň. Amerikaly köpsanly ýazyjy öz döredijiliginiň belli bir döwründe birden "Hollywood" kinofilmleriniň esasyny ýazýanlara öwrülipdir.

Meşhur ýazyjylar William Faulkner, John Steinbeck, Truman Capote, Ray Brdbury, Stephen King soň-soňlar ssenariä öwrülip meşhurlyk gazanan eserleri ýazypdyrlar. Ýöne "Hollywoodyň” iň abraýly hem tanymal ýazyjysy kim bolupdyr diýlende, gürrüňsiz F. Scott Fitzgeraldyň ady öňe saýlanýar. Geliň, indi onuň kinofilme öwrülen meşhur eserlerini ýatlap geçeliň.

Ýazyjy F. Scott Fitzgerald
Ýazyjy F. Scott Fitzgerald

​Azerbaýjanda F. Scott Fitzgeraldyň ady golaýda onuň eseri esasynda surata düşürilen we Leonardo Di Kaprionyň baş rolda oýnan "Uly Ketsbi" kinofilmi bilen bilelikde hasam rowaçlanypdyr. Ýöne bu köp adamyň pikir edişinden tapawutlylykda, onuň kitaplary esasynda surata düşürilen ýeke-täk kinofilm däl.

"Parižde iň soňky gezek", 1954.

Amerikaly režissýor Riçard Bruks bu kinofilmi F. Scott Fitzgeraldyň "Täzeden Wawilýon" atly gysgajyk hekaýasy esasynda surata düşüripdir. Tanymal kinokompaniýa "Metro-Goldwyn-Maýer" bu kinofilmde oýnamagy üçin meşhur aktrisa Elizabeth Taýlory yrypdyr we şol döwürde kän tanalmaýan gelşikli aktýor Roger Mureni özüne şan-şöhrat getirjek roluny oýnamagy üçin saýlap alypdyr.

Ýöne režissýor beýik ýazyjynyň hekaýasynyň aslyny "Hollywoodyň” "happy-end" äheňine öwrüpdir.

"The last time I saw Paris" atly kinofilmi meşhur eden bolsa edil şol at bilen çykarylan "soundtrack" bolupdyr.

Ol kinofilmiň esasy "soundtracky" (filmiň esasy aýdymy) şol bir ada eýe bolan "Pariži iň soňky gezek görenimde" atly kinosyndan owal meşhurlyk gazanypdyr. Bu aýdym kinofilm maksatnamasy esasynda ýazylmandyr. Ol meşhur aýdym kinofilme soň goşulypdyr we şeýlelikde kinonyň "Oskar" baýragyny almagyna kömek edipdir.

Amerikanyň kino akademiýasy ol kinofilmi saýlama iň gowy ýüz filmiň arasyna goşupdyr.

"Ýeňles gije" 1963.

Ýazyjy F. Scott Fitzgeraldyň şol ady göterýän nowellasy esasynda surata düşürilen "Ýeňles gije" atly kinofilm ussat režissýor Henry Kingiň ahyrky eseri bolupdyr. Belläp geçsek, ussat Henry King şol wagta çenli iň azyndan 120 kinofilm surata düşüripdir. Ol ýazyjy F. Scott Fitzgerald hakda awtobiografik drama surata düşürenden soň, oňa janköýerlik etmäge başlapdyr.

"Ýeňles gije" kinofilminden bir pursat. Bu film Henry Kingiň 120-nji we iň ahyrky kinosy bolupdyr.
"Ýeňles gije" kinofilminden bir pursat. Bu film Henry Kingiň 120-nji we iň ahyrky kinosy bolupdyr.

"Ýeňles gije" kinofilminde döwrüň tanymal aktýorlary Jason Robards we Jennifer Johns esasy rollary oýnapdyrlar. Bu söýgi kinofilmi kino tankytçylarynyň tapawutly ses bermegine garamazdan, filmiň aýdym-sazyna görä "Oskar" baýragyna mynasyp bolupdyr.

2010-njy ýylda "20th Ceuntry Fox" kinomatografiýa firmasy "Ýeňles gije" filmini täzeden işläp düzjegini aýdanam bolsa, soň ol pikrinden dänipdir.

"Ahyrky magnat" 1976.

Turuwbaşdan belläp geçmeli bolsa, ýazyjy F. Scott Fitzgerald "Ahyrky magnat" atly romanyny gutaryp bilmändir. Ol bu romanyny ýarsyna çenli ýazypdyr we soň dünýeden ötüpdir. Hiç kime aýan bolmaýan bir sebäpden režissýor Elia Kazan, özüniň režissýorlyk döredijiligine F. Scott Fitzgeraldyň bu ýarty romanyny kinofilme öwürmek bilen başlamak isläpdir.

Kinofilmde baş roly oýnamagy üçin meşhur aktýorlar Kack Nicolson, Al Pachino we Dustin Hoffman ýaly aktýorlara teklip hödürlenipdir. Ýöne, režissýor baş rol üçin olardan has ýaş we hiç kim tarapyndan tanalmaýan bir italýan aktýory tapypdyr we ol Robert De Niro ekeni.

Elia Kazanyň "Ahyrky magnat" kinofilminiň treýleri 1972.

Kazanyň bu kinofilminde kino surata düşürmek bilen meşgullanýan bir "Hollywood" biznesmeni hakda söz açylypdyr. Ýöne filmiň baş gahrymany bir gün duş gelen syrly zenanyna diýseň aşyk bolandygy üçin, öz maksadyndan dänipdir. Şeýlelikde, onuň adaty durmuşy düýpgöter bozulypdyr.

Aýdylşyna görä, F. Scott Fitzgerald kinofilmdäki magnat obrazyny Irwing Talbergiň prototipi ýaly döredipdir. Taleýiň ýene bir ironiýasy bolsa, bu kinofilmiň üstünde işlänleriň biri bolan kinofilmiň prodýusseri Sam Spigeliň muňa goşan goşandyna görä "Irwing Talberg" nyşanasyna mynasyp bolmagydyr.

"Benýamin Buttonyň ajaýyp başdan geçirenleri" - 2008.

Ýaşlyk we garrylyk barada söz açýan bu kinofilmden azerbaýjanly tomaşaçylaryň aglabasy diýen ýaly habardardyr. Benýamin Buttonuň durmuşy adaty adamlardan tapawutlylykda, başga tarapa özgerýän ekeni. Ol ýaşuly adam ýaly dünýä inipdir we barha juwanlaşypdyr. Kinofilmde baş roly gelşikli "Hollywood" aktýory Brad Pitt oýnapdyr.

"Benýamin Buttonuň ajaýyp başdan geçirenleri" atly kinofilmden bir pursat. Filmde, garrylykdan juwanlyga tarap özgerýän Benýamin Buttonyň roluny Brad Pitt ýerine ýetirýär.
"Benýamin Buttonuň ajaýyp başdan geçirenleri" atly kinofilmden bir pursat. Filmde, garrylykdan juwanlyga tarap özgerýän Benýamin Buttonyň roluny Brad Pitt ýerine ýetirýär.

F. Scott Fitzgeraldyň şol bir ada eýe romanyny kino öwren režissýor Dawid Finçeriň kinofilmleri garaşylmadyk ýagdaýda gaty köp baýraga mynasyp bolupdyr. Onuň kinofilmi üç sany "Oskar" we "Saturn" baýragyna, şeýle-de, "BAFTA" baýragyna eýe bolupdyr. 2008-nji ýylda ABŞ-nyň milli kino tankytçylary geňeşiniň karary bilen Finçer ýylyň iň gowy režissýory saýlanypdyr.

"Uly Ketsbi" 2013-nji ýyl.

F. Scott Fitzgeraldyň iň meşhur romany bolan "Uly Ketsbi" esasynda dört gezek kinofilm surata düşürilipdir. Ilkinji gezek 1926-njy ýylda surata düşürilen film sessiz bolupdyr. Gynansagam döwrümize ol filmiň bary-ýogy bir minutlyk bölegi gelip ýetipdir we ol bölek häzir Kongressiň kitaphanasynda saklanýar.

Di Kaprio "Uly Ketsbi" kinofilminde 2013-nji ýyl.
Di Kaprio "Uly Ketsbi" kinofilminde 2013-nji ýyl.

Her nähili-de bolsa, ol bir wagtyň özünde hut Fitzgeraldyň öz gözi bilen gören nusgasydyr. Aýdylşyna görä, awtor öz aýaly bilen kinoteatra oňa tomaşa etmäge baran mahaly kinonyň soňuna çenli oturyp bilmän, zaly terk edipdir. Ýazyjy munuň bilen baglanyşykly öz gyzyna şeýle ýazypdyr: "Biabraýçylykly we gaty biderek ýagdaýda surata düşürilipdir".

Şol eser esasyndaky kinofilmiň soňky nusgalary 1949-njy we 1974-nji ýyllarda surata düşürilipdir. Ýöne hakykatyň hakydasyna aýtmaly bolanda, 2013-nji ýylda Leonardo Di Kaprionyň baş roluny oýnan iň soňky film nusgasy romany hemişelik janly ýagdaýa öwrüpdir.

Režissýor Baz Luhrmann ol eseri dördünji gezek kinofilm görnüşinde surata düşürmek bilen aslynda örän uly töwekgelçiligi öz boýnuna alypdyr. Ol kinofilmiň gaty şowly boljagyny öňünden duýan Luhrmann, ony 3D kinofilm görnüşinde taýýarlapdyr. Kinofilm tankytçylar tarapyndan oňaýsyz ses alanam bolsa, owalky nusgalary ýaly iki "Oskara" mynasyp bolupdyr.

XS
SM
MD
LG