Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa migrantlaryň Kalaisdäki lagerini sökýär


Polisiýanyň maglumatyna görä, mundan bir gün öň lagerden 2 müň 300 töweregi migrant çykarylypdyr.

Polisiýanyň maglumatyna görä, mundan bir gün öň lagerden 2 müň 300 töweregi migrant çykarylypdyr.

Fransiýanyň Kalais şäheriniň golaýyndaky migrantlaryň lageri sökülip başlandy. Bu çäräniň dowamynda lageri onda ýaşaýan 6 müň 500 töweregi migrantdan arassalamak göz öňünde tutulýar.

Polisiýanyň sişenbe güni beren maglumatyna görä, mundan bir gün öň lagerden 2 müň 300 töweregi migrant çykarylyp, olar ýurduň beýleki künjeklerindäki seljeriş merkezlerine ugradylypdyr. Operasiýanyň indiki tapgyrynda lagerdäki çadyrlar aýrylyp başlanar.

Britaniýanyň içeri işler ministri Amber Rudd Londonyň bu operasiýa we Kalais şäherindäki serhet gözegçiligini güýçlendirmek üçin 40 million ýewro goýberendigini mälim etdi.

Soňky aýalaryň dowamynda migrantlaryň Britaniýa geçmek üçin geçip barýan ýük ulaglaryna we otlulara bökmek synanşyklarynda onlarça adam öldi.

XS
SM
MD
LG