Sepleriň elýeterliligi

Yrak nebitiň önümçiligini çäklendirmejekdigini aýdýar


Yrak günde 4.7 million barrel nebiti öndürýär.

Yrak günde 4.7 million barrel nebiti öndürýär.

Yrak OPEC nebit karteline nebitiň önümçiligini azaltmak boýunça planlaşdyrylan çärelere goşulmajakdygyny mälim etdi. Bagdad muny “Yslam döwleti” topary bilen alyp barýan söweşi üçin maliýe serişdeleriniň zerurdygy bilen düşündirdi. Häzir yrak güýçleri YD toparynyň berk ornaşan Mosul şäherini azat etmek ugrunda harby operasiýany geçirýär.

Yragyň nebit ministri Jabar Ali al-Luaibiniň dynç günleri eden beýanatyndan soň, nebitiň halkara bazaryndaky bahasy 1% pese gaçdy.

OPEC noýabr aýynda duşuşyp, Kartele agza ýurtlaryň arasynda nebitiň gündelik önümçiligini 750 müň barrel möçberinde peseltmegi göz öňünde tutuýar. Emma, bu planlaşdyrylýan çärelere Eýran özüniň goşulmajakdygyny eýýäm häzirden duýdurdy. Tähran muny halkara sanksiýalary sebäpli özüniň nebit önümçiliginiň onsuz hem kemelendigi bilen düşündirdi. Nebit önümçiligini azaltmak planlaryndan – “Yslam döwleti” topary bilen göreşýän – Nigeriýanyň we Liwiýanyň hem çekilmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Yrak OPEC karteline agza ýurtlaryň arasynda nebit önümçiligi boýunça Saud Arabystanyndan soň ikinji orunda durýar. Bagdad günde 4.7 million barrel nebiti öndürýär.

XS
SM
MD
LG