Sepleriň elýeterliligi

Türkmen talyplary Aşgabadyň pul çäklendirmelerinden kösenýärler


Aşgabatdaky bankyň öňündäki nobat.

Aşgabatdaky bankyň öňündäki nobat.

Azatlyk Radiosy bilen Belarusda okaýan ençeme türkmen talyby habarlaşyp, Türkmenistanda daşary ýurda pul ugratmak boýunça girizilen çäklendirmeleriň özlerine juda ýaramaz täsir ýetirýändigini, köp talyplaryň töleg sebäpli okaýan okuw jaýlaryndan hem çykarylandyklaryny aýdýarlar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanda girizilen täze düzgünlere görä, daşary ýurda pul ugratmakçy bolýan türkmenistanlylardan iberilýän puluň nähili gazanylandygyna güwä geçýän aýlyk ýa pensiýa baradaky kepilnama, zähmet depderçesiniň, pasport we dogluş şahadatnamasynyň hem kopiýalary soralýar.

Kime pul ugradylýan bolsa, onuň hem pasport we dogluş şahadatnamasynyň kopiýalary talap edilýär. Eger-de pul daşary ýurtdaky talyba iberilýän bolsa, onda onuň okaýan ýerinden hem ýörite kepilnama soralýar. Diňe ähli dokumentler görkezilen halatynda, şonda manat alyja döwlet kursundan dollara konwertasiýa edilip geçirilýär. Emma bu halatda-da her aý ugradyp bolýan pula 1000 dollar möçberinde çäk bar.

Häzir Minskide okaýan ildeşlerimiziň biri, özüni Nargiza diýip tanyşdyran gyz eýýäm üç aýdan bäri Türkmenistandan pul gelmeýändigini aýtdy. “Biziň ene-atalarymyzyň köpüsi ownuk söwda-satyk, torbaçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar gazanç baradaky soralýan dokumentleri nireden görkezsinler?” diýip, Nargiza türkmen talyplarynyň düşen ýagdaýyny suratlandyrdy.

Şol bir wagtda, pul ugratmak we kabul etmek boýunça girizilýän çäklendirmeler Türkmenistanyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda ilata dollaryň satylmagy bes edilen döwrüne gabat geldi. Munuň netijesinde, dollaryň “gara bazary” döräp, onda bir dollara resmi 3,5 manatdan telim esse köp, 8 manada çenli dagy pul soralýar.

Nargiza bu ýagdaýlaryň daşary ýurtda bilim alýan talyplaryň ýagdaýyny has-da kynlaşdyrýandygyny nygtady: “Diýeli, biziň özümiz Türkmenistana baryp pul aljak bolsak-da, ýurtda dollar barmy?! Elden [“gara bazardan”] üç essesini töläp, dollar satyn almaga biziň ýagdaýymyz ýok”.

Nargiza çäklendirmeler sebäpli pul gowuşmaýan türkmen talyplarynyň gün-güzeranyny aýlamak üçin, dürli gara işlerde işlemeli bolýandyklaryny, käbirleriniň hem “şübheli dini toparlara-da” goşulýandyklaryny gürrüň berdi.

Minskidäki ildeşimiz pul ugratmakdaky çäklendirmeler sebäpli, okuw tölegini wagtynda töläp bilmän, ençeme türkmen talyplarynyň ýokary okuw jaýlaryndan çykarylandyklaryny hem mälim etdi.

“Diňe meniň okaýan ýerimden Türkmenistandan, pul ugradyp bolmaýandygy sebäpli, okuw tölegini wagtynda geçirip bilmän, ona golaý türkmen okuwyndan otçisleniýe boldy [çykaryldy]” diýip, Nargiza aýtdy.

Şol bir wagtda, Nargizanyň ýokarda beýan edenlerini Türkmenistanyň resmi edarlaryna, şol sanda Minskidäki ilçihanasyna-da ne tassyklatmak, ne-de inkär etmek başartdy.

Bu aralykda türkmen talyplary bilen birlikde, olaryň Türkmenistandaky ene-atalary hem pul ugratmakdaky çäklendirmelere öz nägileligini bildirýärler. Maryly ildeşimiz Agajuma aga bu çäklendirmeleriň çagalarynyň geljekki ykballaryna hem täsir etjekdigini aýtdy: “Ýokardakylar [häkimiýetler] nirä seredýärler? Biz-ä bu düzgünlere haýrandyrys. Bular çagalaryň geljegine böwet bolýarlar. Bu kynçylyklary döwletiň özi döredýär”.

Türkmenistanyň resmi häkimiýetleri ýa-da habar serişdeleri daşary ýurtda okaýan türkmenistanly studentlere pul ugratmak bilen bagly girizilen täze çäklendirmeler, şeýle-de, olaryň duçar bolýan kynçylyklary barada häzirlikçe hiç bir maglumat bermediler. Degişli ýolbaşçylar bu barada Azatlyk Radiosyna-da kommentariý bermekden ýüz öwürdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG