Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda Polisiýa akademiýasyna hüjüm edildi


"Yslam döwleti” atly söweşijiler topary hüjümi özleriniň amala aşyrandygyny öňe sürdüler.
"Yslam döwleti” atly söweşijiler topary hüjümi özleriniň amala aşyrandygyny öňe sürdüler.

Günorta-günbatar Pakistanda söweşijiler bir polisiýa akademiýasyna hüjüm edip bir gijede akademiýanyň 59 sany talybyny öldürip ýüzden gowragyny hem ýaralapdyrlar, diýip Pakistan resmileri aýdýar.

Bulujystan welaýatynyň ýokary derejeli saglyk wekilleriniň aýtmagyna görä, welaýatyň paýtagty Kwetanyň eteginde ýerleşýän akademiýa edilen hüjümde, welaýat hassahansyna getirlenlerden 58 sany ýaş türgen ölüpdir we onlarçasy hem ýaralanypdyr.

Resmileriň bellemegine görä, iň uly ýitgi söweşijiler haçan-da akademiýanyň binalar toplumynyň sakçylaryna ýaragly hüjüm edip soňra özerini partladanlarynda bolupdyr.

Pakistanly häkimiýetler bu wakany ilki "Talybandan" görenem bolsa, soňlugy bilen “Yslam döwleti” atly söweşijiler topary hüjümi özleriniň amala aşyrandygyny öňe sürdüler.

Gelip gowuşan habarlara görä, Kwettanyň eteginde ýerleşýän merkeziň umumy ýaşaýyş jaýyna, üç ýa-da alty bolup ýaragly hüjüm edilipdir. Bu ýerde esasan ýaş türgenler bolýan ekeni. Pajygaly waka ýurduň Goşunynyň we Serhet gullugynyň terrorçylyga garşy garşy-hüjüme geçmegine ýol açdy.

Bulujystan welaýatynyň içeri işler mininstri Sarfaraz Bugti, “Hudaý saklady” diýip akademiýadaky ýediýüz ýaş türgenden iki ýüz sanysyň dessine halas edilendigini aýtdy. Ministr howpsuzlyk güýçleriniň hüjümçileriň birini hatardan çykarandygyny beýleki ikisiniň bolsa özlerini partladanlarynda ölendigini aýtdy.

Bugti öz sözünde, uzak sagatlap dowam eden garşy-hüjüm operasiýalarynyň daňdan sagat 4 töwereklerinde soňlanandygyny, ýöne “arassalaýyş” çäreleriniň henizem dowam edýändigini belledi.

Wakadan birnäçe sagat geçen soň "Yslam döwleti" atly topar hüjümi özleriniň amala aşyrandygyny aýtdy.

25-nji oktýabrda “Yslam döwleti” toparynyň habar agentligi “öz söweşijileriniň” hüjümi amala aşyrandygyny habar berdi.

Ýöne ilki Bulujystanyň ýarymharby serhet birikmeleriniň başlygy general-maýor Şir Afgan, hüjümçileriň “Leşgeri Jeňňi” atly söweşiji toparyň şahasy bolan “Al-Alimi” toparyna degişlidigini aýtdy. Öz gezeginde “Leşgeri Jeňňiler” hem Pakistan "Talybany" bilen ilteşikli hasaplanýar.

Şir Afgan: “Olar Owganystanda hereket edýän toparlar bilen gatnaşykda ekeni”, diýdi.

Agzalýan Polisiýa akademiýasyna ozal iki gezek, 2006-njy we 2008-nji ýyllarda hüjüm edilipdi.

XS
SM
MD
LG