Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow, Erdogan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy diýlip, türkmen metbugatynda habar berilýär.

25-nji oktýabrda bolan bu söhbetdeşligiň başynda türk lideriniň Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlandygy aýdylýar.

Resmi metbugatyň maglumatynda Berdimuhamedowyň we Erdoganyň “Türkmenistanyň we Türkiýäniň dünýä giňişliginde hem netijeli gatnaşyk edýändiklerini belläp, sebit hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar” diýilýär.

Şeýle-de, iki ýurduň mundan beýläk hem halkara bileleşiginiň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy diýlip, habarda nygtalýar.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG