Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz hökümeti wezipesinden çekilýändigini yglan etdi


Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Sooronbaý Jeenbekowyň hökümeti öz wezipesinden çekilýändigini resmi taýdan yglan etdi. Bu waka şu hepdäniň başynda onuň koalisiýasynyň dargamagynyň yzýanyna gabat geldi.

26-njy oktýabrda gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň edarasy bu baradaky maglumaty yglan etdi. Mundan iki gün ozal Atambaýewiň Sosial demokratik partiýasy (SDP) alty partiýanyň dolandyryjylygyndaky koalisiýadan çekilýändigini mälim edipdi.

Sebäbi bu koalisiýa ýurduň premýer-ministriniň wezipe ygtyýarlyklaryny giňeldýän we parlamente ýene üç partiýanyň wekilçilik etmegi barada teklip edilen konstitusion reformalary ret edýär.

Raýat jemgyýetçilik aktiwistleri we oppozision toparlar hem bu teklipleri tankyt edip, Atambaýewi özüniň häkimiýetdäki ýerini giňeltmäge çalyşmakda aýypladylar.

Gyrgyzystanyň häzirki konstitusiýasy 2010-njy ýyldaky köpçülikleýin protestlerden soň kabul edilipdi. Bu konstitusiýanyň bir maddasynda oňa 2020-nji ýyldan ozal üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek gadagan edilýär.

XS
SM
MD
LG