Sepleriň elýeterliligi

Sawçenko ukrainleriň sud diňlenişigine gatnaşmak üçin Moskwa bardy


Ukrain parlamentiniň deputaty Nadia Sawçenko.

Ukrain parlamentiniň deputaty Nadia Sawçenko.

Ukrain parlamentiniň deputaty Nadia Sawçenko 1990-njy ýyllarda çeçen separatistleriniň hatarynda söweşmekde höküm edilen iki ukrain raýatynyň sud diňlenişigine gatnaşmak üçin Moskwa bardy.

Sawçenko 26-njy oktýabrda sosial mediada çap eden maglumatynda: “Meniň bu ýerde bolmagym, olary, iň bärkisi, barlygym bilen goldamak möhüm” diýdi.

Sawçenko Mykola Karpiuk we Stanislaw Klykiň sud işi bilen baglanyşykly Russiýanyň Ýokary suduna barmagy planlaşdyrýar. Karpiuk 2 ýarym ýyl, Klyk 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ukraina bu iki adamyň hem syýasy tussagdygyny aýdyp, olaryň ekstradisiýa edilmegini yzygiderli sorap gelýär.

XS
SM
MD
LG