Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkyň halaýan filmleriniň awtory - Melis Abzalow aradan çykdy


Melis Abzalow
Melis Abzalow

Özbegistanly meşhur režissýor Melis Abzalow 25-nji oktýabrda 78 ýaşynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda dünýeden ötüpdir. Ol, "Gelinleriň gozgalaňy", "General-mama" ("Söýünçi"), "Çynaryň astyndaky güýç synanşyk", "Maýsaryň garagollugy", "Arman", "Öten zaman", "Çimildik" ýaly özbek halkynyň halaýan kinofilmleriniň režissýory bolupdyr.

Tanymal özbek režissýory Melis Abzalow, ömrüniň ahyrky ýyllaryny geçiren ýurdy bolan Şwesiýada, gyzy Naziranyň öýünde bakyýete gözlerini ýumupdyr.

Melis Abzalow ömrüniň soňky ýyllarynda gyzy Nazira bile Şwesiýada ýaşapdy
Melis Abzalow ömrüniň soňky ýyllarynda gyzy Nazira bile Şwesiýada ýaşapdy

​"Maşgalasy onuň ýaňky ady agzalar hossarlarynyň ýaşaýan ýerinde jaýlanmagy barasynda karara geldi. Melis Abzalowuň Daşkentdäki dogany we beýleki dogan-garyndaşlary 26-njy oktýabrda ýerli wagt bilen sagat 14:00-da hoşlaşarlar. Hoşlaşyk üçin salgy: "Ýüpek ýoly" metro duralgasy. Muhammad Yusuf köçesiniň (owalky Dagestanskaýa) 68-nji jaýynyň 1-nji otagy" - diýip, Ali Hamraýew bildiriş ýazypdyr.

Melis Abzalow, 1938-nji ýylda Daşkent welaýatynyň "Ýangül" şäherinde dünýä inipdir. Ol, Daşkendiň A. N. Ostrowski adyndaky teatr we sungat institutynyň aktýorlyk fakultetinde okap (1961), ssenaristlik we režissýorlyk ugrynda ýokary tälim alypdyr (1972).

Melis Abzalow, 1959-njy ýyldan başlap Daşkendiň Ý. Ahunbabaýew adyndaky ýaşlar teatrynda aktýor bolup işläpdir. 1962-nji ýyldan soň bolsa "Uzbekfilm" kinostudiýosunda aktýorlyk, kömekçi režissýor we režissýorlyk edipdir.

"Melis Abzalow meni kino alyp geldi" diýip, Özbegistanly režissýor Raşid Malikow aýdýar.

please wait

No media source currently available

0:00 0:05:32 0:00

Abzalow, özbek halkynyň hemişe uly söýgi bilen yzgiderli ýagdaýda uzak günläp tomaşa edýän "Gelinleriň gozgalaňy", "General-mama" ("Söýünçi"), "Çynaryň astyndaky güýç synanşyk", "Maýsaryň garagollugy", "Arman", "Öten zaman", "Çimildik" ýaly meşhur kinofilmleri surata düşüripdir.

XS
SM
MD
LG