Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Gülen bilen ilteşiklidigi öýdülýän telekeçiler basyldy


Fethulla Gülen

Fethulla Gülen

Türkmenistanda soňky aýlaryň dowamynda dini ruhany Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen baglanşyklydygy aýdylýan uly biznesmenleriň ençemesi tussag edildi.

Mundan iki aý ozal, ýagny awgustda Aşgabadyň iň meşhur restoranlary bolan “Merdem” dynç alyş merkeziniň we "Alpet" restoranynyň ýolbaşçysy Resul saklandy.

Resuly ýakyndan tanaýanlaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, oňa türkmen banklaryndan alnan “kreditini talabalaýyk ulanmandygy” bilen baglylykda iş açylypdyr. Resul “önümçilik maksatlary üçin” diýip alan kreditini wagtynda üzen hem bolsa, derňewçiler, hamana, bu pullaryň başga hajatlar üçin harçlanandygyny öňe sürüpdirler.

"Merdem" dynç alyş merkezi

"Merdem" dynç alyş merkezi

Emma Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Resulyň saklanmagyny onuň Türkiýede 15-nji iýulda başa barmadyk harby agdarylyşygy gurnamakda aýyplanýan dini ruhany Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýatladyp geçsek, harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň, Ankara Güleniň hereketine Türkiýede basyş edip, muňa beýleki döwletlerde hem amal etmäge synanyşypdy. Bu wakalaryň fonunda, awgustda Güleniň jemgyýeti tarapyndan dolandyrylan Aşgabatdaky “Halkara Türkmen -Türk Uniwersiteti-de” ýapylypdy.

Aşgabatdaky ozalky Halkara türkmen-türk uniwersiteti

Aşgabatdaky ozalky Halkara türkmen-türk uniwersiteti

Bu aralykda, ýokarda agzalan uniwersitetiň uçurymy, şeýle-de esasan Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşikli adamlar tarapyndan dolandyrylýandygy aýdylýan “Merdem” restoranynyň başlygy Resulyň mundan iki hepde ozal azatlyga goýberilendigi barada ynamdar çeşmelerden maglumatlar gowuşdy.

Emma derňewiň häzirki ýagdaýy we Resulyň azatlyga goýberilmeginiň şertleri baradaky jikmje-jikleri anyklamak başartmady. “Merdemiň” dolandyryjylarynyň biri “Resulyň häzir şäherde däldigini, şeýle-de restoranyň işinde bökdençlikleriň ýokdugyny” mälim etdi.

“Merdem” dynç alyş merkezi 2009-njy ýylyň fewralynda müşderilere hyzmat edip başlapdy. Resmi taýdan onuň başlygy Resul diýlip görkezilse-de, iş ýüzünde, restorany türkmen häkimiýetindäki ýokary derejeli bir emeldaryň dolandyrýandygy barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gelip gowuşdy.

Şol bir wagtda, soňky aýda Türkmenistanda Gülen bilen ilteşiklidir öýdülýän başga-da uly telekeçileriň tussag astyna alnandygy barada maglumatlar geldi.

Birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, mundan iki hepde töweregi ozal “A Group” toparyna degişli “A Market” şirketiniň başlygy Döwlet Ataýew; mundan bir hepde öň ýurduň uly gurluşyk obýektlerini alyp baran “Polat Gurluşyk” kärhanasynyň başlygy Öwez hem tussag astyna alnypdyrlar. Emma Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşiklidigi aýdylýan bu telekeçilere bildirilýän resmi aýyplamalar dogrusynda häzirlikçe nähilidir bir maglumat alyp bolmady.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ortalarynda açylan, Fethulla Güleniň hereketi tarapyndan maliýeleşdirilýän onlarça türkmen-türk liseýleri hem 2010-njy ýyla çenli ýapylypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG