Sepleriň elýeterliligi

Düşündiriş: ABŞ-da saýlaw kollegiýasy nähili işleýär?


Amerikanlar 8-nji noýabrda geljekki prezident üçin ses bermäge gidenlerinde Ak tama haýsy kandidatyň gitmelidigini göni kesgitlemezler.

8-nji noýabrda prezidentlik saýlawynda ses beren onlarça million amerikanlar özleriniň goldaýan kandidatlarynyň adyny görkezerler. Aslynda bolsa, Amerikanyň indiki prezidentini resmi taýdan saýlaýan 538 agzadan, ýagny saýlaw wekillerinden durýan Saýlaw kollegiýasy. Kollegiýanyň düzümi bolsa saýlawyň netijesine bagly bolýar.

Saýlaw kollegiýasy prezidentiň halk tarapyndan göni saýlanmagynyň tarapyny çalýanlar bilen prezidenti Kongresiň saýlamagyny isleýänleri özara ylalaşdyrmak maksady bilen kompromis hökmünde 1787-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň konstitusiýasynyň awtorlary tarapyndan döredildi.

Munda göz öňünde tutulan maksatlaryň biri kiçiräk ştatlaryň hukuklaryny gorap, ilaty köpräk ştatlaryň olara agalyk etmeginiň öňüni almakdy.

Şol sebäpden Amerikanyň 50 ştatynyň her biriniň saýlaw wekilleriniň sany olaryň Kongresdäki agzalarynyň sanyna deňdir.

Mysal üçin, ilat sany hemmeden ýokary bolan Kaliforniýanyň saýlaw wekilleriniň sany 55 – bularyň ikisi, ştatlaryň hemmesinde bolşy ýaly, onuň senatorlaryny, 53-i hem Kaliforniýanyň ilaty esasynda Wekiller palatasyndan oňa düşýän 53 agzany görkezýär.

Ilat sany iň az bolan ştatlaryň üç sany saýlaw wekili bar: ikisi ştatyň senatorlary, biri hem onuň Wekiller palatasyndaky ýeke-täk agzasy üçin.

Waşington D.C ştat dälde, bir aýratyn federal sebit bolup durýar. Şol sebäpden onuň ne senatorlary bar, ne-de Kongresde ses berýän wekili bar.Ýöne Kolumbiýa sebitine amerikan konstitusiýasyna girizilen 23-nji düzediş boýunça Saýlaw kollegiýasyna üç wekil ibermäge hukuk berildi.

Utujy hemmesini alýar

Meýn we Nebraska ştatlaryndan daşgary beýleki ştatlarda sesleriň aglaba köplügini kim alsa, şol ştatyň saýlaw wekilleriniň hemmesiniň sesi şonuňky bolýar.

Prezidentligi gazanjak kandidat Saýlaw kollegiýasynda köplük tarapyndan goldalmaly.

Bu bolsa häzirki wagtda prezident boljak adama Saýlaw kollegiýasynda azyndan 270 ses gerek diýildigidir.

Eger-de Saýlaw kollegiýasynda dalaşgärlere berlen sesler deň gelse, onda indiki prezidenti Wekiller palatasy saýlamaly bolýar. Birleşen Ştatlaryň taryhynda bu ýagdaýa diňe bir gezek duşuldy.

Ygrarsyz saýlaw wekilleri

Saýlaw wekillerini, adatça, bir syýasy partiýa ýa-da partiýanyň kandidaty belleýär.

Bu bolsa, esasan, olaryň ses berjek diýip wada eden partiýasyna ýa-da kandidata ygrarlydygyny aňladýar.

Ýöne saýlaw wekilleri beren wadasynda hökman durmaly diýen federal kanun ýok.

Belli bir kandidaty saýlajak diýip beren wadasynda durmadyk saýlaw wekiline “ygrarsyz saýlaw wekili” diýilýär.

Ygrarsyz saýlaw wekillerini jezalandyrmak boýunça 29 ştatda we Kolumbiýa sebitinde kanun bar. Ýöne 21 ştatda saýlaw wekilinden wada beren kandidatyna ses bermegi talap edýän kanun ýok. Ýagny ygrarsyz saýlaw wekilleri 29 ştatda we Kolumbiýa sebitinde jezalandyrsa, beýleki 21 ştatda jezalandyrylmaýar.

Halk köpçüliginiň sesini alanyň ýeňiji bolmagy hökman däl

Saýlaw kollegiýasy düzgüni geçmişde köp jedellere getirdi. Sebäbi tutuş ýurt boýunça halk köpçüliginiň sesini alan kandidat Saýlaw kollegiýasynda-da prezidentlik üçin zerur bolan sesleri hökman alar diýen zat ýok.

Mysal üçin, 2000-nji ýylda respublikanlaryň kandidaty Jorj W. Buşuň tutuş ýurt boýunça alan sesleri Demokratik partiýanyň kandidaty Al Gordan 500 müň çemesi az bolsa-da, Saýlaw kollegiýasynda gerekli köplügi gazandy.

1876-njy ýylda demokrat Samuel Tilden sesleriň 50 prosentden gowragyny aldy. Munça sesi gazanan prezidentlik kandidaty ýok. Muňa garamazdan Saýlaw kollegiýasynda köplük sesi alan respublikan Ruterford B. Haýes boldy.

1824-nji ýylda Demokratik we Respublikan partiýalardan dört kandidat dalaşa goşulsa-da, Saýlaw kollegiýasynda hiç biri köplük sesi alyp bilmedi. Netije-de Amerikanyň Wekiller palatasy Jon Kuinsi Adamsy saýlady.

1800-nji ýylda Saýlaw kollegiýasynyň Tomas Jefferson bilen onuň bäsdeşi Aaron Burra beren sesi deň gelende Wekiller palatasy prezidentlige Jeffersony belledi.

XS
SM
MD
LG