Sepleriň elýeterliligi

Ýazidi aktiwistleri Saharow baýragyna eýe boldular


Ýazidi aktiwisti Nadia Murad Waslaw Hawel adyndaky adam hukuklary boýunça baýragyň gowurylyş dabarasynda, Strasbourg, 10-njy oktýabr, 2016

Ýazidi aktiwisti Nadia Murad Waslaw Hawel adyndaky adam hukuklary boýunça baýragyň gowurylyş dabarasynda, Strasbourg, 10-njy oktýabr, 2016

Ýazidi aktiwistleri Nadia Murad we Lamiýa Aji Başarhawe 2016-njy Saharow baýragyna eýe boldular.

Bu barada 27-nji oktýabrda Strasbourgda yglan edildi.

Murad we Başar 2014-nji ýylda öz ýaşaýan obasynyň “Yslam döwleti” topary tarapyndan basylyp alynmagyndan soň terrorçylaryň eline düşüpdi we gul edilip ulanylypdy.

Olaryň ikisi-de gaçyp gutulmagy başardylar we häzirki wagtda aýallaryň hem azlyklaryň hukuklaryny goramak bilen meşgullanýarlar.

Şu aýyň başynda Murada Ýewropanyň Parlament Assambleýasynyň esaslandyran Waslaw Hawel adyndaky adam hukuklary boýunça baýrak hem gowşuryldy. Şeýle-de ol parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlendi.

Saharow baýragyny gowşurmak boýunça dabara Ýewropa Parlamentiniň 14-nji dekabrda Strasbourgda geçiriler.

Bu baýraga mynasyp saýlanan üçünji şahsyýet sürgünlikdäki žurnalist Jan Dundar.

XS
SM
MD
LG