Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Erdogany YD garşy göreşini ABŞ, Yrak bilen sazlaşdyrmaga çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň we Yragyň arasynda “Yslam döwleti” toparyna garşy söweşleriň üstündäki göreş meselesine goşulyp, Türkiýäniň liderini öz hereketlerini Waşington we Yrak bilen sazlaşdyrmaga çagyrdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Yragyň demirgazygyndaky Mosul şäherini söweşiji toparlardan azat etmek boýunça söweşe goşulyşjagyny aýtdy.
Yrak öz topragynda Türkiýäniň goşunlarynyň bolmaly däldigini aýdýar.

Obamanyň ABŞ-nyň ýaranlary bolan iki goňşy ýurduň arasyndaky konflikti çözmek boýunça ilkinji ädiminde 26-njy oktýabrda Erdogana jaň edip, göreşiň netijeli bolmagy üçin Ankaranyň ABŞ-nyň we Yragyň güýçleri bilen örän sazlaşykly hereket etmeginiň zerurdygyny nygtandygyny Ak Tam habar berdi.

Şeýle-de Obama Türkiýäniň “Yslam döwleti” toparyna garşy göreşe gatnaşmagynyň “derejesini we görnüşlerini kesgitlemek üçin” Ankaranyň we Bagdadyň arasynda “dialogyň dowam etdirilmelidigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG