Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe 73 harby piloty tussag etmegi karar etdi


Türkiýäniň Injirlik howa bazasy

Türkiýäniň Injirlik howa bazasy

Türkiýe iýul aýynda harby agdarylyşygy amala aşyrmaga synanyşyga gatnaşmakda güman edilýän 73 sany harby piloty tussag etmek barada karar çykardy.

Türkiýäniň döwlet täzelikler agentliginiň 27-nji oktýabrda habar bermegine görä, 45 pilot tussag edilipdir, ýene 28 pilot gözlenýär. Olar iki polkownik we beýlekileri leýtenant derejeli harbylar.

Türkiýäniň hökümeti 270 adamyň ölümine sebäp bolan harby agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygyna gatnaşmakda aýyplap 35 müň adamy tussag etdi.

80 müňden gowrak adam derňew edildi, olardan 29 müň adam boşadyldy.

Onlarça müň adam, şol sanda harbylar, polisiýa, sud we bilim işgärleri hökümet işlerinden boşadyldy.

Türkiýe agdarylyşyk synanyşygyny gurnamakda ABŞ-da ýaşaýan Fethulla Guleni aýyplaýar. Gulen aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG