Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýada çagalara edilen hüjüm bilen baglylykda tankyt edildi


Birleşen Milletler Guramasynda geçirilen ýygnakda, Orsýet Siriýada onlarça çagany we beýleki raýatlary öldürmekde aýyplandy. Aýyplamalar Moskwanyň BMG-däki ilçisiniň gaharjaň jogaplar bermegine sebäp boldy.

BMG-niň Çagalar Fondunyň, ýagny UNICEF-iň 26-njy oktýabrda beren hasabatynda, orsýetli we siriýaly söweş uçarlarynyň Siriýanyň Idlib welaýatynda amala aşyran howa hüjümlerinde 35 adamyň ölendigi, olardan azyndan ýigrimi iki sanysynyň çagalardygy we altysynyň bolsa mekdep mugallymlarydygy aýdyldy. Idlib welaýaty gozgalaňçy güýçleriň gözegçiliginde saklanýar.

UNICEF-iň direktory Entoni Leýk (Anthony Lake) bolan hadysany şeýle suratlandyrdy: “Bu eden-etdilikli ýagdaý elhenç tragediýadyr. Eger-de bu bilgeşleýin amala aşyrlan bolsa, onda bu uruş jenaýatçylygydyr”.

"Haçan tagalla ediler?"

Şeýle-de, Leýk Haas obasyndaky bir mekdebe yzly-yzyna hüjüm edilendigini, hatda soňky amala aşyrylan hüjümiň Siriýada graždanlyk urşy başlany bäri mekdebe edilen iň ganly hüjüm bolandygyny nygtady.

Sosial mediada bir çagajygyň suraty peýda boldy. Onda çagajygyň eli tirsegine çenli ýanyp sypyrlypdyr, şonda-da ol eljagazy bilen tozana garylan garaja mekdep sumkasynyň ýüpüne ýapyşjak bolar.

Leýk: “Haçan dünýä bu wagşyçylygyň soňlanmagy üçin tagalla eder?” diýdi.

Orsýetiň BMG-daky ilçisi Witaliý Çurkin aýyplamalary aljyraňňy ýagdaýda özüne çekip: “Bu elhençlik. Elhençlik. Aýdylýan wakanyň biziň bilen baglanyşygy ýokdur” diýdi.

Çurkin bolan elhenç hadysa boýunça jogapkärleri anyklamak üçin, Orsýetiň Goranmak ministri bilen habarlaşýandygyny aýtdy.

27-nji oktýabrda Orsýetiň Goranmak ministrligi beýanat ýaýradyp, onda Alepponyň çäginde soňky dokuz günüň içinde ne Orsýetiň, ne-de Siriýanyň howa hüjümlerini amala aşyrandyklary aýdyldy.

Halapdaky “kyýamat”

Soňra Halapdaky (Aleppo) gabaw meseleleri boýunça BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde geçirlen galmagally ýygnakda, BMG-niň gumanitar kömekler boýunça başlygy Stefen O’Braýn Orsýeti we Siriýany açlyk taktikalaryny ulanmakda aýyplady we bu iki ýurduň Aleppony ölüm zonasyna öwürendigini belledi.

O’Braýn şäherdäki ýagdaýy “kyýamat” diýip suratlandyrdy. Ol öz sözünde bir aýdan hem az wagtyň içinde, şäherde 400 adamyň öldürilendigini, şeýle-de Orsýetiň we Siriýanyň şäherde “ýaşaýşy çydamsyz ýagdaýa getirip, ölümlere ýol açýan” ýörite kampaniýalar alyp barýandygyny aýtdy.

O’Braýn gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Aleppo şäherine rus we siriýaly uçarlardan taşlanan bildirişler olaryň asyl niýetiniň nämedigini “aç-açan” görkezýär diýdi.

O’Braýn bildirişleriň mazmuny bilen hem tanyşdyrdy. Olarda şeýle diýilýär:

“Bu siziň üçin soňky umyt. Özüňizi halas ediň! Eger-de bu ýerleri iň gysga wagtyň içinde terk etmeseňiz, ýok edilersiňiz!”.

“Wagyz diňläsimiz gelse, ybadathana giderdik"

Şeýle-de, O’Braýn BMG-niň Howpsuzlyk geňeşini kösençligiň öňüni alyp bilmezlikde aýyplady. Ol mejlisde ýygnanan güýçlere ýüzlenip: “Jogapkärçilik sizde!” diýdi.

O’Braýnyň eden çykyşy Çurkiniň gaharyny getirdi. Ol öz sözünde Orsýetiň geçen hepde gumanitar kömege ýol bermek üçin, özleriniň bir taraply ok atyşygy bes edendigini, ýöne BMG-niň bu barada hiç hili “dil ýarmazlygyndan” närazydygyny aýtdy.

Çurkin özleriniň Halapda (Aleppo) “terrorist” diýip atlandyrýan toparlaryň şähere girmeli ynsanperwerlik kömegine ýol bermändigini aýtdy. Ol şeýle-de, Moskwany günäkärleýän O’Braýny ulumsylykda aýyplady.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine bu aý başlyklyk edýän Çurkin: “Eger-de biziň wagyz diňläsimiz gelse, ybadathana giderdik. Gaýrat ediň-de, bular ýaly haýbatlaryňyzy kitap ýazsaňyz, şonda agzaýyň!” diýdi.

“Gan gusdurmak”

ABŞ-nyň BMG-daky ilçisi Samanta Pawer soňky hüjümler boýunça Orsýeti aýyplady we Moskwanyň Siriýada ynsanperwerlik kömegi boýunça BMG bilen hyzmatdaşlyk etmeýändigini aýtdy.

Ol öz sözlerinde: “Siz bir gün ýa-da bir hepde jenaýat islemedik diýip, bizden gutlaga garaşmaň” diýdi.

Pawer Orsýetiň we Siriýanyň howa hüjümleriniň asyl maksadynyň adaty raýatlara “gan gusdurmakdygyny” aýtdy. Moskwa oňa-da “terroristlere garşy göreşýäs” diýip jogap berdi.

ABŞ-nyň ilçisi: “Orsýet gündogar Aleppodaky ähli çagalaryň Al-Kaýdanyň agzasydygyna hakykatdanam ynanýarmy?” diýen sorag bilen ýüzlendi.

Ýygnagyň barşynda O’Braýn Çurkine ýüzlenip: “Meniň işim hakykaty aýtmak. Habar getirene azgarylmaň-da, Siriýanyň halkyny alada ediň! Uruşy derhal bes ediň!” diýdi.

XS
SM
MD
LG