Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan, Hindistan birek-bireginiň diplomatlaryny ýurtdan çykardy


Hindistanyň Serhet güýçleriniň agzasy.
Hindistanyň Serhet güýçleriniň agzasy.

Pakistan bilen Hindistanyň arasynda Gimalaý dagynyň Kaşmir regiony bilen baglanyşykly dartgynlylyklaryň artýan mahaly, Günorta Aziýanyň bu iki döwleti birek-bireginiň diplomatlaryny öz ýurdundan çykarýar.

27-nji oktýabrda Hindistan Pakistanyň Nýu-Delidäki ilçihanasynyň işgäriniň içalyçylyk hereketleri bilen gysga wagtlaýyn tussag edilenden soň, ýurtdan çykarylýandygyny mälim etdi.

Yslamabad diplomat Mahmud Ahtara garşy ýöňkelýän aýyplamalaryň “galp we esassyzdygyny” aýtdy. Ahtara 29-njy oktýabra çenli Nýu-delini terk etmeklik tabşyryldy.

27-nji oktýabrda giçlik Pakistan hem muňa jogap edip, diplomatik düzgünleri bozany üçin hindi ilçihanasynyň resmisi Sujil Singden ýurdy terk etmegi sorandygyny mälim etdi. Pakistan hem Singden ýurdy 29-njy oktýabra çenli terk etmegi sorandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG