Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Iki şübheli ‘terrorist’ öldürildi


Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri.
Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri.

Azerbaýjanyň häkimiýetleri howpsuzlyk güýçleri “ýurduň dürli regionlarynda” geçirilen operasiýalarda “terrorist” diýlip güman edilýän iki adamy öldürdiler diýýärler.

Azerbaýjanyň hökümetiniň 28-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, soňky iki günüň dowamynda geçirilen operasiýalar “Kawkaz Jamaat” diýlip atlandyrylýan “radikal jenaýatçy toparyň agzalaryny tussag etmäge” gönükdirilendir.

Resmiler bir şübheli “terroristiň” tussag edilendigini aýtdylar, emma adam öldürmeleriň we tussag edilmeleriň nirede bolandygy barada goşmaça maglumat bermediler.

Şu ýylyň fewral aýynda Azerbaýjan Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly toparyň hatarynda söweşmekde güman edilýän sekiz adamy tussag edipdi.

XS
SM
MD
LG