Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: ABŞ-nyň hüjümlerinde birnäçe söweşiji öldürildi


Owganystan: ABŞ-nyň hüjümlerinde birnäçe söweşiji öldürildi
Owganystan: ABŞ-nyň hüjümlerinde birnäçe söweşiji öldürildi

Birleşen Ştatlaryň Owganystanyň gündogarynda amala aşyran howa zarbalarynda “Al-Kaýda” hereketiniň birnäçe agzasy, şol sanda iki arap we dört pakistanly öldürildi diýip, owgan resmileri aýdýarlar.

27-nji oktýabrda resmiler Kunar welaýatynyň çetki territoriýalarynda öldürilen söweşijileriň şahsyýetini doly anyklap bilmändiklerini aýtsalar-da, olaryň arasynda “Al-Kaýda” hereketiniň ýokary derejeli iki lideri hem bar ýaly bolup görünýär. Sebäbi Pentagon dron hüjümlerinde şol söweşiji liderleriniň nyşana alnandygyny aýdýar.

Kunar welaýatynyň häkimi Wahidullah Kalemzaý Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatynda “Al-Kaýdanyň” ençeme ýyl bäri hereket edýän sebitinde daşary ýurtly dört söweşijiniň öldürilendigini aýtdy.

Beýleki ýerli resmiler bu howa zarbasynda sekiz çemesi söweşijiniň öldürilendigini, olaryň arasynda iki arabyň we dört pakistanlynyň hem bardygyny bellediler.

Pentagon tarapyndan nyşana alnan söweşiji liderleri – Faruk al-Katani we Bilan al-Utabidi.

XS
SM
MD
LG