Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Eýranyň, Siriýanyň ministrleri bilen duşuşdy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ortada) Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (çepde) we Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen duşuşdy. Moskwa (arhiwden)

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ortada) Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (çepde) we Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem bilen duşuşdy. Moskwa (arhiwden)

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow siriýaly we eýranly kärdeşleri bilen Moskwada duşuşyp, Siriýadaky howpsuzlyk ýagaýy barada pikir alyşdy.

Lawrow 28-nji oktýabrda Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen geçen duşuşygy Siriýa krizisine “konstruktiw çözgüt tapmak üçin pikirdeş adamlary” tagallasy diýip atlandyrdy.

Ol günbatar ýurtlaryny “Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlarynyň manysyny ýoýmaga synanyşmakda we “ekstremistleriň jenaýatçylykly işlerini togtatmaga bolan meýilsizligini” güýçlendirmekde aýyplady.

Lawrow şeýle hem Moskwanyň Orsýetiň we Siriýa hökümetiniň uçarlary geçen on günlükde Aleppoda howa zarbalaryny amala aşyranok diýýänini gaýtalady.

Ol Günbatar “aram oppozisiýa bilen terroristleri” biri-birinden aýyrmakda öňegidişlik edenok, Orsýet muňa geljekde hem garaşanok diýdi.

Lawrow Aleppoda “terroristleriň soňuna çykylmaly” Orsýet muny etmäge “bütinleý kararly” diýdi.

Muallem Lawrowdan Orsýetiň “terrorizme garşy söweşde beren netijeli kömegi üçin” Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň minnetdardygyny ors prezidenti Wladimir Putine ýetirmegini haýyş etdi.

Siriýanyň gabawdaky şäheri Aleppoda hökümete garşy güýçler gabawy böwüsmek üçin hüjüme geçdiler.

Düýbi Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasynyň 28-nji oktýabrda beren maglumatynda Alepponyň hökümet güýçleriniň elindäki bölegine gozgalaňçylar tarapyndan edilen raketaly hüjümlerde 15 adam ölüp, ýüzden gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Siriýanyň goşuny hem bir beýannama çykaryp, öz güýçleriniň hüjümleri yza serpikdirendigini bildirdi.

“Territoriýa Siriýa goşunynyň we onuň ýaranlarynyň kontrollygynda, ýaragly güýçler kartany üýtgedip bilmediler” diýip, beýannamada aýdylýar.

Moskwada Lawrow Yrak şäheri Mosuldaky terroristleriň Siriýa geçerinden hem Orsýetiň alada edýändigini aýtdy.

Mosul “Yslam döwleti” atly terroristik toparyň iň güýçli ýeri bolup durýar. Yrak hökümeti häzir alyp barýan hüjümlerinde olary bu şäherden kowup çykarmagy maksat edinýär.

“Biz terroristleriň Mosuldan çykmagynyň öňüni almak üçin yrakly kärdeşlerimiz bilen hyzmatdaşlykda çäre görmäge gyzyklanýarys. Terroristleriň gelmegi Siriýadaky ýagdaýy, elbetde, ýaramazlaşdyrar” diýip, Lawrow aýtdy.

XS
SM
MD
LG