Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň gündogaryndaky çaknyşyklarda alty adam öldi


Halas edijiler Donetskiň golaýyndaky Makeýewka obasynda weýran edilen binanyň öňünde barlag işlerini geçirýärler. 27-nji oktýabr, 2016 ý.
Halas edijiler Donetskiň golaýyndaky Makeýewka obasynda weýran edilen binanyň öňünde barlag işlerini geçirýärler. 27-nji oktýabr, 2016 ý.

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen orsýetparaz separatistleriniň arasynda ýüze çykan çaknyşykda azyndan alty adam öldi.

Bu çaknyşyk Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň we Fransiýanyň prezidenti Fransua Ollandyň rus prezidenti Wladimir Putin we ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen Berlinde geçiren duşuşyklarynda parahatçylyk gepleşiklerini ýaňadandan janlandyrmak tagallalaryndan 10 gün soň ýüze çykdy.

Kiýew separatistleriň “hüjümlerini ýaýbaňlandyrandygyny” aýdyp, soňky 24 sagadyň içinde bir ukrain harby gullukçysynyň ölendigini aýtdy.

Separatistleriň habar gullugy özüniň azyndan iki söweşijisiniň ölendigini, dokuzsynyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Berlin sammitinde iki ýyl bäri dowam edip gelýän konflikti çözmek başartmandy. Häzire çenli çaknyşyklarda 9,600 töweregi adam öldi.

XS
SM
MD
LG