Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň “aglabasy tölegsiz işlere gatnaşýarlar”


"Ilatyň ýüzden 60 göterimi tölegsiz haýyr-sahawat işlerine meýletin gatnaşýar".
"Ilatyň ýüzden 60 göterimi tölegsiz haýyr-sahawat işlerine meýletin gatnaşýar".

"CAF" atly haýyr-sahawaty goldamak we kämilleşdirmek fondy 140 ýurtda "Sahylyk we haýyr-sahawata taýýarlyk" barasynda barlag geçirip, bu ugurda bir sanaw çap edipdir. Bu çäkde, adamlaryň dürli haýyr-sahawat işlerine pul bermäge, meýletin haýyr-sahawat işlerine gatnaşmaga we gabat gelen bir nätanyş adama elinden gelen kömegi (bir döwüm çöregi paýlaşmak ýa-da öz eginbaşyňy bermek ýaly) bermäge nähili derejede taýýardygy derňelipdir.

Bu ugurda iň sahy döwlet owalky sowet ýurtlaryndan Özbegistan bolupdyr. Ol 140 ýurduň arasynda 11-nji orny eýeläpdir. Özbegistanyň ilatynyň ýüzden 52 göterimi dürli haýyr-sahawat işlerine işjeň gatnaşýar we şeýle-de ilatyň ýüzden 67 göterimi nätanyş adama kömek etmäge taýýar, ýüzden 62 göterimi haýyr-sahawata pul berýär, ýüzden 27 göterimi bolsa meýletinlikde tölegsiz haýyr-sahawat işlerine gatnaşýar. Owalky barlaga garanyňda, Özbegistan bu ugurda eýeleýän ornuny 9 basgançak ýokarlandyrypdyr.

Ýokardaky 15-nji orny bolsa Türkmenistan eýeläpdir. Ol ýurtda adamlar Özbegistana garalanda, nätanyş adama kömek etmäge kän göwünjeň däl. Muny diňe ýurduň ilatynyň ýüzden 49 göterimi edip biljekdigini aýdypdyr. Türkmenistanyň ilatynyň ýüzden 40 göterimi bolsa yzygiderli ýagdaýda haýyr-sahawata pul berýär. Ilatyň ýüzden 60 göterimi tölegsiz haýyr-sahawat işlerine meýletin gatnaşýar. Bu bolsa dünýädäki iň ýokary görkezijidir. Türkmenistan owalka garalanda, bu ugurda öz eýeleýän ornuny 6 basgançak ýokarlandyrypdyr. Gyrgyzystan bolsa birden 8 basgançak ýokaryk çykypdyr we häzir ol ýurt dünýäde sahylykda 34-nji orunda durýar. Ol ýurduň ilatynyň ýüzden 55 göterimi nätanyş adama kömek etmäge taýýar, ýüzden 29 göterimi bolsa tölegsiz haýyr-sahawat işlerine gatnaşýar.

Dünýäniň haýyr-sahawatyň has ýörgünli bolan iň sahy ýurdy Ysraýyl, Mongoliýa, Awstriýa, Finlandiýa, Kipr, Germaniýa we hatda Taýland ýaly 50 ýurdunyň arasynda owalky sowet respublikalaryndan diňe ýaňky üç ýurt orun almagy başarypdyr.

Täjigistan bolsa sanawda 87-nji orny eýeläpdir. Ol ýurduň raýatlary ispanlara, kolumbiýaly we owganlara garalanda o diýen sahy däl ekeni. Täjigistanyň halkynyň ýüzden 49 göterimi nätanyş adama kömek bermäge taýýar. Halkyň diňe ýüzden 19 göterimi bolsa tölegsiz haýyr-sahawat işlerine gatnaşýar.

Gazagystan hem sanawda Rumyniýa bilen Pakistanyň yzýanyndan 96-njy orunda durýar. Ýurduň ilatynyň ýüzden 38 göterimi nätanyşa kömek etjekdigini aýdypdyr. Ilatyň ýüzden 14 göterimi bolsa ýurtdaky tölegsiz haýyr-sahawat işine gatnaşandygyny ýa-da gatnaşyp biljekdigini bildiripdir.

Belarus bolsa 140 ýurduň arasynda 100-nji orny eýeläpdir. Belaruslar ekwadorlylar ýaly sahy däl ekeni. Ýurduň ilatynyň diňe ýüzden 34 göterimi nätanyşa kömek etmäge razylyk bildiripdir. Ukrainalylar bolsa sanawda Albaniýa bilen Meksikanyň yz ýanyndan, 106-njy ýerde durýar. Ukrainanyň ilatynyň ýüzden 36 götermi nätanyşa kömege taýýar. Ilatyň ýüzden 26 göterimi haýyr-sahawata pul beripdir. Halkyň diňe ýüzden 16 göterimi tölegsiz haýyr-sahawat işlerine gatnaşypdyr.

Dünýäniň "Sahylyk we haýyr-sahawata taýýarlyk" sanawynda, şeýle-de, 110-njy orny Moldowa Polşa bilen bilelikde eýeläpdir. Sahylykda olardanam yza galan latiwýalylar 113-nji we estonlar bolsa 118-nji orny eýeläpdirler. Ol ýurtlarda halkyň diňe ýüzden 11 we 13 göterimi tölegsiz haýyr sahawat işlerinde orun alypdyr. Estonlaryň bolsa diňe ýüzden 20 göterimi haýyr-sahawata pul beripdir.

Sahylyk sanawynda olardan hem yzda, ýagny 120-nji orunda durýan Gürjüstanyň ilatynyň ýüzden 40 göterimi nätanyşa kömek edip biljekdigini belläpdir. Ýurduň ilatynyň diňe ýüzden 10 göterimi haýyr-sahawata pul beripdir. Sanawda 124-nji orunda litwalylar we 126-njy orunda hem Russiýanyň raýatlary durýandyr. Olaryň ýüzden 35 göterimi nätanyşa kömek etmäge razy. Şol sanda ilatyň ýüzden 22 göterimi haýyr-sahawata pul beripdir we ýüzden 12 göterimi hem tölegsiz haýyr-sahawat işlerine gatnaşypdyr.

"CAF" atly haýyr-sahawaty goldamak we kämilleşdirmek fondunyň sanawynda Gürjüstanyň "sahylygyny" çehleriňki bilen, orslaryňkyny bolsa slowaklaryňky bilen deňeşdirse bolýar. Sanawyň soňky orunlarynyň birini, ýagny 130-njy orny Ermenistan we 131-nji orny hem Azerbaýjan eýeläpdir. Ermenistanda nätanyşa kömek edýän raýatlaryň sany umumy ilatyň ýüzden 47 göterimine barabar bolsa, bu görkeziji Azerbaýjanda bary-ýogy ýüzden 33 göterimdir. Ýöne muňa garamazdan, ermenileriň diňe ýüzden 9 göterimi haýyr-sahawata pul bermäge taýýar we diňe ýüzden 6 göterimi tölegsiz haýyr-sahawat işlerine gatnaşypdyr.

Barlagyň netijesine görä, birek-biregini goldamak islemeýän, goldamaýan we haýyr-sahawaty göwnemeýän adamlaryň ýurdy Hytaýdyr.

Umuman alynanda, sebitlere görä tapawut edýänem bolsa, Afrika materiginde haýyr-sahawat bilen meşgullanýanlaryň sany ýüzden 32 göterim, Ýewropada ýüzden 33, Amerikada ýüzden 36 we Aziýada bolsa ýüzden 37 göterim. Ýewropanyň ýaşaýjylary beýleki ýerlere garalanda tölegsiz haýyr-sahawat işlerine meýletin ýagdaýda gaty az gatnaşýarlar, ýagny olaryň sany ýüzden 19 göterim. Demirgazyk we Latyn Amerikasy ýurtlarynda bolsa bu görkeziji ýüzden 25 göterime baryp ýetýär.

Fonduň hasabatyna görä, adamlaryň sahylygy geçen ýyl uruşlaryň köpelmegine we global betbagtçylyklaryň ýaýbaňlanmagyna baglylykda rekord derejä baryp ýetipdir. Geçen ýyl owalky ýyllara garalanda, adamlar tebigy betbagtçylyklar (tupan, ýer titremesi we ş.m) üçin haýyr-sahawata has köp pul beripdir hem betbagtçylyk sebitlerine gidip, tölegsiz meýletinlikde haýyr-sahawat işlerine gatnaşypdyrlar.

Hasabata görä, dünýäniň iň sahy adamlary Pakistan bilen Bangladeşiň ýanynda ýerleşýän, Aziýanyň garyp ýurdy bolan Birmada ýaşaýar. Ol ýerde halkyň ýüzden 91 göterimi haýyr-sahawata gatnaşýar. Sahylykda ikinji orunda bolsa ABŞ durýandyr. Üçünji orny awstraliýalylar eýeleýär, ýagny ilatyň ýüzden 73 göterimi. Şeýle-de, Täze Zelandiýanyň halkynyň ýüzden 71 göterimi sahylyga ýykgyn edýär. Şri-lanka, Kanada, Indoneziýa ýüzden 75 göterim. Olaryň yzýanyndan bolsa Beýik Britaniýa, Irlandiýa we Birleşen arap emirlikleri sahylyga öňbaşçylyk edýärler.

Sahylykda saýlanýan ýurtlar bolan Islandiýada halkyň ýüzden 70 göterimi, Beýik Britaniýada ýüzden 69 göterimi, Norwegiýada ýüzden 67 göterimi, Irlandiýada ýüzden 66 göterimi haýyr-sahawata pul berýärler. Şol bir wagtyň özünde, Yrakda halkyň ýüzden 81 göterimi, Liwiýada bolsa ýüzden 79 göterimi nätanyşa kömek etmäge taýýar. Kuweýtde halkyň ýüzden 78 göterimi, Somalide ýüzden 77 göterimi, Birleşen arap emirliklerinde ýüzden 75 göterimi, Siýerra-Leonede ýüzden 73 göterimi, ABŞ-da ýüzden 73 göterimi we Saud Arabystanynda hem ýüzden 72 göterimi çykgynsyz ýagdaýda galan adama kömek etmäge taýýar. Tölegsiz haýyr-sahawat işlerine meýletin gatnaşmak isleýänler Birmada halkyň ýüzden 55 göterim, Indoneziýada ýüzden 50 göterim, ABŞ-da ýüzden 46 göterim, Täze Zelandiýada ýüzden 44 göterim, Filippinde ýüzden 42 göterim, Irlandiýada bolsa ýüzden 40 göterim.

XS
SM
MD
LG