Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda toý polisiýasy dörediler


Çeçen toýy
Çeçen toýy

Çeçenistanyň Medeniýet ministrligi ýurtda toý-dabaralaryň milli däplere görä berjaý edilýändigine gözegçilik etmek üçin ýörite polisiýa bölümini döretdi.

Maglumata görä, ýörite ahlak gözegçileri toýuň nähili ýagdaýda berjaý edilýändigini synlarlar.

“Eger-de kimdir biri biziň adatlarymyza ýa-da milli lybaslarymyza ters gelýän hereketi etse, tans oýnasa munuň öňi alynjakdyr” diýip, Ministrlik maglumat berdi.

Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow we beýleki resmileri günbatar medeniýetiniň ýurduň milli däp-dessurlaryny bozýandygyny öňe sürüp, çykyş edipdiler.

Çeçenistanyň Argun şäherinde resmiler gelnalyja diňe üç ýa bäş ulagyň gatnaşyp bilýändigi barada karar kabul etdiler.

Geçen ýyl Grozynyň häkimligi toý dabaralarynda torty kesmek däbini we “gelişmeýän” diýip häsiýetlendiren tans hereketlerini gadagan etdiler.

XS
SM
MD
LG