Sepleriň elýeterliligi

Klinton täze derňewden arkaýyndygyny aýdýar


Hillari Klinton

Hillari Klinton

ABŞ-da Demokratik partiýasyndan prezidentlige dalaş edýän Hillari Klinton Federal Derňew Býurosy (FBI) tarapyndan onuň emeýlleri bilen baglylykda başladylan täze derňewiň iýul aýynda ony jezalandyrmaly däldigi baradaky gelnen netijäni üýtgetmejekdiginden arkaýyndygyny aýtdy.

Federal derňewçileri Klintonyň şahsy emeýl serweri ulanmagy bilen baglylykda ýüze çykarylan täze emeýlleri seljerjekdiklerini aýtdylar. Bu baradaky habar ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna iki hepdeden hem az wagt galan döwrüne gabat geldi.

Mundan owalam, Federal Derňew Býurosy Klintonyň döwlet sekretary döwri bolan şahsy emeýl serwerini peýdalanmagy netijesinde, döwletiň syrly maglumatlarynyň syzyp-syzmandygy dogrusynda derňew geçiripdi.

Iýulda derňewçiler hiç hili bikanun zady tapmandyklaryny yglan edipdiler.

XS
SM
MD
LG