Sepleriň elýeterliligi

Italiýada güýçli ýer titreme boldy


Italiýanyň Rieti şäherinde ýer titremäniň yz ýany adamlar keselhanadan ewakuasiýa edildi. 30-njy oktýabr, 2016 ý.

Italiýanyň Rieti şäherinde ýer titremäniň yz ýany adamlar keselhanadan ewakuasiýa edildi. 30-njy oktýabr, 2016 ý.

Italiýanyň merkezi sebitinde 6.6 bal derejesinde güýçli ýer titreme boldy.

Tebigy hadysada ençeme binalar weýran edildi. Adam ýitgileri barada entek maglumatlar gowuşmady. Italiýanyň Raýat goranyş edarasynyň berýän maglumatyna görä, ýer sarsmasynda ençeme adam ýaralanypdyr, köp sanly bina hem weýran bolupdyr.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugy ýer titremäniň ýerli wagt bilen ir sagat 07:40-da ýüze çykyp, onuň episentriniň Norsia şäherinde bolandygyny mälim etdi.

Mundan ençeme aý ozal gürrüňi gidýän sebitde bolan ýer titremelerinde 300 töweregi adam ölüp, ençeme oba hem ýer ýegsan edilipdi.

XS
SM
MD
LG