Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede ýene 10 müň adam wezipesinden boşadyldy


Stambulda ýapylan uniwersitet.
Stambulda ýapylan uniwersitet.

Türkiýede iýul aýynda başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň başladylan arassalaýyş işleriniň çäginde ýene-de 10 müňe golaý raýat işgäri wezipesinden boşadyldy.

Wezipesini ýitirenleriň aglabasy bilim, adalat we saglyk pudagynyň işgärleridi.

Kürtleriň köplük bolup ýaşaýan ýurduň günorta-gündogar sebitinde hem 15 sany habar serişdesi ýapyldy.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki Anadolu habar agentligi işi togtadylan medialaryň gadagan edilen Kürdistan Işçiler Partiýasynyň “propagandasyny ýaýratmakda güman edilýändigini” aýtdy.

Iýul aýyndaky başa barmadyk agdarylyşyk bilen baglylykda 32 müň adam tussag edilip, mundan soňky arassalaýyş işlerinde hem onlarça müň adam wezipelerinden boşadyldy.

Bu hereketler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankytlanypdy.

Türk hökümeti agdarylyşygyň arkasynda häzir ABŞ-da ýaşaýan dini ruhany Fethullah Güleniň durandygyny aýdýar. Gülen bu aýyplamalary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG