Sepleriň elýeterliligi

FBI-dan emeýl derňewi boýunça maglumat soralýar


Federal Derňew Býurosynyň direktory Jeýms Komeý

Federal Derňew Býurosynyň direktory Jeýms Komeý

ABŞ-da Federal Derňew Býurosyna (FBI) Hillari Klintonyň döwlet sekretary bolan döwri şahsy emeýllerinden peýdalanandygy boýunça başladylan täze derňewiň jikme-jiklerini aýan etmegine basyş edilýär.

Federal Derňew Býurosynyň direktory Jeýms Komeý 28-nji oktýabrda – prezidentlik saýlawlaryna 11 gün galanda – Kongrese hat ýollap, täze emeýlleriň seljerilýändigini mälim etdi.

Demokratlardan prezidentlige dalaş edýän Hillari Klinton munuň “görlüp-eşidilmedik ädim bolandygyny” we “alada döredijidigini” aýtdy. Onuň respublikanlardan garşydaşy Donald Tramp bolsa muny oňlap, çykyş etdi.

Kongresmenlere ýollan hatynda Komeý Hillari Klintonyň döwlet sekretary bolan döwri şahsy serwerlerden peýdalanandygy dogrusyndaky ozalky derňew bilen “ilteşiklidigine” meňzeýän täze emeýlleriň üstüniň açylandygyny aýtdy. Ol jikme-jikleri bermedi.

Komeý Federal Derňew Býurosynyň işgärlerine iberen memorandumynda “biz, adatça, alyp barýan derňewlerimiz dogrusynda Kongerese habar bermeýäris” diýdi. Şol bir wagtda, ol öňki derňew işiniň ýapylandygyny habar berenden soň, häzir muny aýtmaga “borçly” bolandygyny hem sözüne goşdy.

Klinton we onuň saýlaw kampaniýasy Federal Derňew Býurosynyň başlygynyň saýlawlaryň öňüsyrasynda bu maglumat bilen paýlaşmagyny ýiti tankytladylar.

Tramp munuň prezident Riçard Niksonyň çetleşmegine getiren Watergate dawasyndan soň ýurduň taryhyndaky “iň uly syýasy galmagalyň” bolandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Demokratik partiýasynyň ýokaraky derejeli dört senatory Federal Derňew Býurosyna we Adalat departamentine ýüzlenip, 31-nji oktýabra çenli derňew bilen baglylykda has köp maglumat bermegi soradylar.

Federal Derňew Býurosy Klintonyň 2009-2013-nji ýyllar aralygynda döwlet sekretary bolan döwri gizlin maglumatlary şahsy emeýlinde saklandygyny orta çykardy.

Iýul aýynda Komeý Klintonyň gizlin maglumatlara “juda seresapsyzlyk” bilen çemeleşendigini aýdyp, oňa garşy hiç hili jenaýat işiniň gozgalmajakdygyny hem mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG