Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek syýasatçysynyň tussaglyk möhleti uzaldyldy


Samandar Kukonow (çepde) we Yslam Kerimow
Samandar Kukonow (çepde) we Yslam Kerimow

Özbegistanda eýýäm 23 ýyl bäri gözenegiň aňyrsynda saklanylýan syýasatçynyň tussaglyk möhleti ýene-de uzaldyldy.

72 ýaşly Samandar Kukonow 6-njy oktýabrda azat edilmelidi.

Onuň maşgala agzalarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, resmiler Kukonowyň “türmedäki düzgünleri bozandygy üçin”, onuň tussaglyk möhletine ýene-de üç ýylyň we bäş günüň goşulandygyny mälim edipdirler.

Kukonow 1993-nji ýylyň iýulynda ogurlyk aýyplamalary bilen tutulypdy.

Onuň tarapdarlary munuň ýörite gurnalan iş bolandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG