Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede “Jümhüriýet” neşiriniň baş redaktory tutuldy


Ooppozision “Jümhüriýet” neşiriniň baş edarasy

Ooppozision “Jümhüriýet” neşiriniň baş edarasy

Türkiýede oppozision, dünýewi “Jümhüriýet” neşiriniň baş redaktory tussag edildi, diýip ýerli habar serişdeleri maglumat berdiler.

“Jümhüriýet” gazeti özüniň web saýtynda Murat Sabunjunuň saklanandygyny tassyklap, maglumat ýerleşdirdi.

Stambulyň sülçüsi gazetiň we onuň eýesi “Jümhüriýet Foundation” korporasiýasynyň kürt separatistleri we Güleniň hereketi bilen ilteşigi esasynda derňelýändigini mälim etdi.

“CNN Turk” agentliginiň maglumatyna görä, “Jümhüriýet” neşiriniň 13 sany žurnalistini we dolandyryjysyny saklamak boýunça netije çykarylypdyr.

Bu tussag etmeler şu ýylyň iýulynda başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda durandygy aýdylýan Fethullah Gülen bilen nähilidir bir ilteşigi bolanlara edilýän basyşlaryň döwrüne gabat geldi.

XS
SM
MD
LG