Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň Moskwada Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji noýabrda resmi sapar bilen Moskwa baryp, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 28-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda habar berilýär. Emma ministrligiň bir sözlemden ybarat press-relizinde bu saparyň jikme-jikleri bilen bagly goşmaça maglumat berilmeýär.

Kremliň 1-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda türkmen lideriniň Wladimri Putiniň çakylygy esasynda Russiýa gelýändigi we onuň rus prezidenti bilen gepleşikleri geçirjekdigi mälim edilýär.

“Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy öz içine alýan möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de, iki ýurduň prezidentleriniň häzirki regional meseleleri barada özara pikir alyşmagyna hem garaşylýar” diýlip, Kremliň beýanatynda nygtalýar.

Berdimuhamedow 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Moskwa barýar we onuň bu sapary iki ýurduň arasynda gaz söwdasynyň ýatyrylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýetli bilermen Russiýanyň syýasy barlaglar institutynyň analitigi Aždar Gurdow türkmen prezidentiniň bu saparynyň “Türkmenistanyň başdan geçirýän agyr ykdysady kynçylyklary bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny” aýdýar.

Şeýle-de, ol bu sapary iki ýurduň arasynda gaz söwdasynyň ýatyrylmagy, türkmen-owgan serhedindäki howpsuzlygyň ýaramazlaşmagy we Türkmenistanda ýetip gelýän prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşdyrýar.

Soňky ençeme ýylyň dowamynda iki ýurt dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öz içine alýan 100-den gowrak ikitaraplaýyn ylalaşyga gol goýdy. Russiýanyň işewürleri Türkmenistanyň ulag we senagat enjamlary, telekomunikasiýa we nebit-gaz pudaklarynda işjeň hereket edýärler.

XS
SM
MD
LG