Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň oppozisiýasy: Göz ýaşardyjy gazyň netijesinde iki adam öldi


Pakistanyň “Tehrek-e-Insaf” oppozision partiýasynyň ýokary derejeli lideri Şah Mehmud Kureşi.

Pakistanyň “Tehrek-e-Insaf” oppozision partiýasynyň ýokary derejeli lideri Şah Mehmud Kureşi.

Pakistanyň iň uly ikinji oppozision partiýasy polisiýanyň ulanan göz ýaşardyjy gazy netijesinde özüniň iki tarapdarynyň ölendigini aýdýar. Bu wakanyň polisiýa demonstrantlaryň Yslamabada girmeginiň öňüni almaga synanyşan mahaly bolandygy mälim edilýär.

Pakistanyň “Tehrek-e-Insaf” oppozision partiýasynyň ýokary derejeli lideri Şah Mehmud Kureşi agzalýan iki adamyň düýn gije polisiýa bilen bolan çaknyşyklar döwründe “iň soňky ulanyş möhleti gutaran göz ýaşardyjy gazyň çakdanaşa ulanylmagy sebäpli” 1-nji noýabrda heläk bolandygyny aýtdy.

Oppozision lider Imran Hanyň ýüzlerçe tarapdary 2-nji noýabrda geçiriljek demonstrasiýalara gatnaşmak üçin Yslamabat şäherine girmäge synanyşýar. Han şol demonstrasiýalaryň dowamynda premýer-ministr Nawaz Şarifiň wezipesinden çekilmegini talap etmäge çagyryş edýär.

XS
SM
MD
LG