Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Elektrik çäkli möçberde beriler


Täjigistandaky gidroelektrostansiýalaryň biri.

Täjigistandaky gidroelektrostansiýalaryň biri.

Gyş paslynyň ýakynlaşmagy bilen Täjigistan ýurduň käbir sebitlerinde elektrik energiýasynyň çäkli möçberde beriljekdigini mälim etdi.

“Barki Tojik” atly döwlet energiýa kompaniýasynyň metbugat wekili Nozirjon Ýodgori Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda elektrik energiýasyny normalaşdyrmak sistemasynyň 1-nji noýabrda güýje girendigini aýtdy.

Ýadgori bu çäklendirmäniň Duşenbe şäherine we regional paýtagtlara degişli däldigini sözüniň üstüne goşdy.

Täjigistanyň sarp edýän elektrik energiýasynyň ortaça 98 prosenti gidroelektrostansiýalarynyň kömegi bilen öndürilýär.

XS
SM
MD
LG