Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Nobatdaky operasiýalar Rakkada geçirilmeli


Illýustrasiýa. Siriýanyň Rakka şäherinde düşürlen surat.
Illýustrasiýa. Siriýanyň Rakka şäherinde düşürlen surat.

Yrak “Yslam döwleti” atly topardan Mosulyň kontrollygyny yzyna alansoň we Ankara öz serhetlerini “YD” söweşijilerinden arassalandan soň, Türkiýe Rakka şäherini nobatdaky nyşana ýeri etmek ugrunda tagalla edýär. Rakka şäheri “Yslam döwleti” atly toparyň Siriýadaky esasy galasy hasaplanýar.

“Türkiýäniň Rakka operasiýalary babatdaky duruşy anykdyr. Mosul operasiýalary we Türkiýäniň Ýewfrat galkany operasiýalary tamamlanandan soň, bu operasiýalary harby we strategik taýdan geçirmek gowy bolardy” diýip, 31-nji oktýabrda Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmuş aýtdy.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň Goranmak sekretary Aş Karter hem, Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň howa zarbalary bilen goldanylýan yrak güýçleri Mosulyň kontrollygyny ele geçirensoň, Rakkada harby operasiýalary güýçlendirmegi goldap çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG