Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Partlamada ýedi adam öldi, başga-da 30 sanysy ýitirim boldy


Pakistanyň kartasy.

Pakistanyň kartasy.

Pakistanda uly deňiz gämileriniň sökülýän desgasynda bolan birnäçe partlamada azyndan ýedi işçiniň ölendigi we başga-da 50-den gowragynyň ýaralanandygy habar berilýär.

1-nji noýabrda “Gadani” atly merkezdäki taşlanan nebit tankerinde bolan partlama 100 çemesi işçi gämini sökýän mahaly boldy.

Pakistanyň “DawnNews” neşiri desgadaky 30 çemesi işçiden heniz hem hiç bir habaryň ýokdugyny ýazdy.

Resmiler başga-da onlarça işçiniň ot alan gäminiň içinde galandygyny nazara alyp, ölenleriň sanynyň artmagyna garaşýandyklaryny aýtdylar.

“Gadani” atly desga dünýäniň iň uly üçünji gämi-söküji merkezidir we onda 6,000-den gowrak adam işleýär.

XS
SM
MD
LG