Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: “Yslam döwleti” Mosulda 40 adamy öldürdi


BMG-niň adam hukuklary edarasynyň metbugat wekili Rawina Şamdasani.
BMG-niň adam hukuklary edarasynyň metbugat wekili Rawina Şamdasani.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary edarasy “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Yragyň demirgazygyndaky Mosul şäherinde we onuň töwereginde köpçülikleýin adam öldürmelerini amala aşyrandygy barada özlerine täze maglumatlaryň gelip gowşandygyny aýdýar.

BMG-niň adam hukuklary edarasynyň metbugat wekili Rawina Şamdasaniniň 1-nji noýabrda beren maglumatyna görä, bu gurama 29-njy oktýabrda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň öňki 40 sany agzasyny öldürendigi we olaryň jesetlerini Tigr derýasyna zyňandyklary barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Şeýle-de, Şamdasani 31-nji oktýabrda giçlik “Yslam döwletiniň” Hammam al-Alil şäherinden 25,000 çemesi parahat ýaşaýjyny başga ýere geçirmäge synanyşandygyny we olary toparyň pozisiýalaryny goramak üçin janly adam galkany hökmünde ulanmak islän bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Bu baradaky beýanat, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary derejeli komissary Zei Ra’ad Al Hussein Mosulda “YD” söweşijileriniň Yragyň hökümet güýçleriniň hüjümlerine garşy janly adam galkany hökmünde ulanmak üçin 7,000-den gowrak maşgalany alyp gaçandygyny aýdandan üç gün soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG