Sepleriň elýeterliligi

'Hytaý türkmen gazyny örän arzan satyn alýar'


Türkmenistanyň "Galkynyş" gaz ýatagy

Türkmenistanyň "Galkynyş" gaz ýatagy

Türkmen gazynyň esasy hyrydary Hytaý daşary ýurtlardan satyn alýan gazynyň mukdaryna we bahasyna degişli resmi sanlaryny çap etdi. Metbugatda çap bolan maglumatlara görä, Hytaý şu ýyl Türkmenistandan 23 milliard kubometr gazyn satyn alyp, türkmen gazynyň her müň kubometriniň bahasy 185 amerikan dollaryna durupdyr. Şeýle-de, Hytaý Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini şu ýyl 13% artdyrypdyr.

Bu sanlar gaz eksportyna daýanýan türkmen ykdysadyýeti üçin nämäni aňladýar?

Azatlyk Radiosy bu barada energiýa howpsuzlygy boýunça ýewropaly analitik Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Roberts, Hytaýyň türkmen gazy üçin töleýändigi aýdylýan bahasy dünýä bazarlaryndaky nyrhlar bilen deňeşdirilende nähili?

Jon Roberts: Bu örän arzan nyrh. Hytaýyň nukdaýnazaryndan bu düşnükli. Şeýle-de, ol Türkmenistanyň Hytaý bilen özara gaz söwdasynda, öz nyrhyny kesgitlemäge hiç hili mümkinçiliginiň ýokdugyny görkezýär. Sebäbi Türkmenistanyň öz tebigy gazyny satmak üçin, häzir hiç hili alternatiw mümkinçiligi ýok.

Azatlyk Radiosy: Hytaýyň Türkmenistandan gazy arzan bahadan satyn almagynyň esasy sebäbini nämede görýärsiňiz? Bu Hytaýyň Türkmenistanda gurulýan gaz geçirijileriniň maliýeleşdirilmegine gatnaşmagy bilen baglymy?

Jon Roberts: Bu meseläniň düýbünde Türkmenistanyň Hytaýyň öňündäki bergisiniň möçberi näçe diýen sowal ýatyr? Şeýle-de, Türkmenistan öz bergisini göz öňünde tutulyşy ýaly töleýärmi? Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Hytaýdan azyndan iki gezek hersi dört milliard çemesi möçberde karz aldy. Türkmenistanyň bu karzy nädip üzlüşjekdigini anyk bilmeýäris. Emma biz türkmen hökümetiniň örän uly mukdarly puly paýtagt Aşgabady ak mermerli fantastik şähere öwürmek üçin sarp edýändigini görýäris. Şeýlelikde, häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň gaz söwdasyndan gelýän girdejileri, Hytaý bilen hasaplaşygyny syrly saklamagy, şol bir wagtda-da ägirt uly gurluşyklara pul sowurmagy diňe çak etmek bilen çäklenmäge mümkinçilik berýär. Meniň pikirimçe, Hytaýyň Türkmenistana beren karz pulunyň hasabyna türkmen gazyny has arzan satyn alýan bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda gurulan ägirt uly milliardlarça amerikan dollarlyk gymmatbaha binalaryň ençemesi boş durýar. Siz şeýle gurluşyklara ykdysady taýdan nähili baha berýärsiňiz?

Jon Roberts: Men umuman şeýle gurluşyklaryň maksadyna düşünmeýärin. Şeýle-de, men kimdir biri, şol sanda Halkara maliýe fondy we Dünýä banky ýaly halkara edaralary hem Türkmenistanyň maliýe dolanyşygynyň işleýşine düşünýändir öýdemok. Ýeke-täk döreýän pikir, Türkmenistan gazdan we uly bolmadyk mukdarda nebitden gelýän girdejilerini ummasyz ösüş proýektlerine we hökümet çykdajylaryna sarp edip gelýän döwlet bolmagynda galýar.

XS
SM
MD
LG