Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşa raýatlykly täjigistanlylaryň gizlin gulluklarda işlemegi gadagan edilýär


Täjigistanyň parlamenti
Täjigistanyň parlamenti

Täjigistanyň parlamentiniň aşaky öýüniň kanun çykaryjylary goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň ýurduň milli howpsuzlyk gulluklarynda işlemegini gadagan etmek barada kanuna girizilen üýtgetmeleri makulladylar.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Mansurjon Umarow 2-nji noýabrda kanunyň taslamasy barada kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda giriziljek goşmaçalaryň maksadynyň syrly maglumatlaryň paş edilmeginiň öňüni almakdan ybaratdygyny aýtdy.

Teklip edilen kanunyň güýje girmegi üçin parlament tarapyndan tassyklanyp, prezident Emomali Rahmon tarapyndan gol çekilmeli.

Täjigistanyň howpsuzlyk gulluklarynda goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň işläp-işlemeýändigi belli däl. Täjigistanyň goşa raýatlyga eýe bolan raýatlarynyň uly böleginde Orsýetiň pasportlary bar.

XS
SM
MD
LG