Sepleriň elýeterliligi

'Amnesty International' Moskwadaky edarasyna girip bilmeýär


Moskwanyň häkimiýetleri “Amnesty International” (AI) guramasynyň işgärleriniň Moskwadaky edarasyna girmeginiň öňüne böwet saldylar, 2-nji noýabr, 2016

Moskwanyň häkimiýetleri “Amnesty International” (AI) guramasynyň işgärleriniň Moskwadaky edarasyna girmeginiň öňüne böwet saldylar, 2-nji noýabr, 2016

Moskwanyň häkimiýetleri adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” (AI) guramasynyň işgärleriniň Moskwadaky edarasyna girmeginiň öňüne böwet saldylar.

Edaranyň başlygy Sergeý Nikitin 2-nji noýabrda özüniň we öz kärdeşleriniň edara girip bilmändigini, sebäbi esasy gapynyň döwülip, beýleki gapylardaky gulplaryň çalşyrylandygyny Facebook sosial ulgamy arkaly habar berdi.

Nikitiniň sözlerine görä, gapydaky resmi möhürlerde edaranyň işgärleriniň Moskwanyň emläk departamentine barmagynyň we AI guramasynyň 20 ýyl bäri kireýne alyp ulanýan binadan öz zatlaryny alyp çykmagynyň talap edilýändigi habar berilipdir.

Daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän we Kremli tankyt edýän guramalar soňky birnäçe ýylyň dowamynda Orsýetde häkimiýetleriň basyşy astynda işleýärler.

XS
SM
MD
LG