Sepleriň elýeterliligi

“Tehnika az, hasylymyz zaýa bolýar”


Türkmenistanda pagta ýygymyna gatnaşýan aýal-gyzlar.

Türkmenistanda pagta ýygymyna gatnaşýan aýal-gyzlar.

Duşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba-hojalyk pudagynda agro-tehnika çäreleriniň geçirilýän döwrüniň başlanýandygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara oba-hojalyk tehnikalaryny gelejek ýyla taýýarlamak wezipelerine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda käbir kärendeçiler pagta ekişi we ýygymy döwründe käbir oba-hojalyk tehnikalarynyň ýetmezçiliginden kösenýändiklerini aýdýarlar.

Bu barada Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Agzybirlik daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy kärendeçi Gülistan Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG