Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Baş kanuny üýtgetmek boýunça referendum geçirer


Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ýurduň gapma-garşylykly konstitusiýasy barada milli referendum geçirmek boýunlary plany makulladylar, Bişkek, 2-nji noýabr, 2016.
Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary ýurduň gapma-garşylykly konstitusiýasy barada milli referendum geçirmek boýunlary plany makulladylar, Bişkek, 2-nji noýabr, 2016.

Gyrgyzystanyň kanun çykaryjylary 11-nji dekabrda ýurduň gapma-garşylykly konstitusiýasy barada milli referendum geçirmek boýunlary plany makulladylar.

Parlament referendumyň gününi bellemek barada kanuny 2-nji noýabrda sesleriň aglaba köpüsi bilen kabul etdi.

Konstitusiýa üýtgetmeleriň girizilmegi premýer-ministriň ygtyýarlygyny artdyrar. Prezident Almazbek Atambaýewiň garşydaşlary bu çäräniň onuň häkimiýetini güýçlendirmek maksadyny öz öňünde goýýandygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Baş kanuny indiki ýylda prezidentlik möhleti dolýan Atambaýewiň döwlet baştutany wezipesine ikinji gezek dalaş etmäge rugsat bermeýär. Emma tankytçylar teklip edilýän reformanyň Atambaýewiň täsirli premýer-ministr bolmagyna ýol açýandygyny belleýärler.

Geçen hepdede Atambaýewiň “Sosial demokratik partiýasy” konstitusiýa üýtgetme girizmek baradaky teklibi goldamakdan ýüz öwüren häkimiýet başyndaky koalisiýanyň düzüminden çykansoň hökümet iş başyndan çekilmeli boldy.

XS
SM
MD
LG