Sepleriň elýeterliligi

Yragyň premýer-ministri Türkiýä duýduryş berdi


Türkiýäniň goranmak ministri Fikri Yşyk Ankaranyň harby güýçlerini serhediň özüne degişli tarapynda ýerleşdirmezligi babatda hiç bir borçnamasy ýok diýdi.

Türkiýäniň goranmak ministri Fikri Yşyk Ankaranyň harby güýçlerini serhediň özüne degişli tarapynda ýerleşdirmezligi babatda hiç bir borçnamasy ýok diýdi.

Ankara Mosuldan uzak bolmadyk serhediň golaýynda tank we artilleriýa birikmelerini ýerleşdirensoň, Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi konfrontasiýa, ýagny gapma-garşylyk döretmezlik babatda Türkiýä duýduryş berdi.

Abadi telewideniýeden görkezilen metbugat ýygnagynda Bagdat “Türkiýe bilen konfrontasiýa ýa uruş” islänok. Ýöne bu bolan halatynda Yragyň ýaragly güýçleri muňa taýýar diýdi.

Ol Bagdat Mosuly “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerinden yzyna almak barada barýan söweşe Türkiýäniň garyşmagyny gadagan etdi. Eger Türkiýe häzirki söweşe goşulsa, biz olara duşman hökmünde gararys diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Türkiýe özüniň Yrak bilen bolan günorta-gündogar serhedinde tank we artilleriýa birikmelerini ýerleşdirip, “zerur bolan halatynda güýçleriň Yraga iberilmegi mümkin” diýdi.

“Biz ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga taýýar”

Ankara bu güýçleri 1-nji noýabrda özüniň Silopi regionynda ýerleşdirdi. Silopi Mosuldan 130 kilometr uzaklykda bolup, ol bu şähere birikýän Yragyň “Ikinji şaýolunyň” geçýän ýeri bilen serhetdeş.

1-nji noýabrda Türkiýäniň goranmak ministri Fikri Yşyk Ankaranyň harby güýçlerini serhediň özüne degişli tarapynda ýerleşdirmezligi babatda hiç bir borçnamasy ýok diýdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu hem 25-nji oktýabrda Ankaranyň howpsuzlygy howp astyna düşen halatynda, Yrakda gury ýer operasiýasyny geçirmeginiň mümkindigini belläp: “Biz ähli mümkinçiliklerden, şol sanda gury ýer operasiýasyndan hem peýdalanmaga taýýar” diýdi.

Ankaranyň güýçleriniň serhet ýakasynda ýerleşdirmegi Yragyň ýörite güýçleriniň 1-nji noýabrda Mosulyň bir gündogar mähellesine hüjüm eden pursatyna gabat geldi. 2014-nji ýyldan bäri hökümet güýçleri ilkinji gezek şäheriň içine aralaşdylar.

“Orta Gündogardaky ýagdaý”

Şeýle hem 1-nji noýabrda Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň ýolbaşçysy general Hulusi Akar Moskwada mümkin harby hyzmatdaşlyk barada kärdeşi general Waleri Gerasimow bilen gepleşik geçirdi. Ankara bu gepleşikleri “Orta Gündogardaky ýagdaý” barada diýip häsiýetlendirýär.

Türkiýe Yragyň regional güýçleriniň haýyşy boýunça demirgazyk Yrakda müň esger saklaýar. Olaryň işi kürt peşmerga söweşijilerine türgenleşik bermekden ybarat.

Mosuly “Yslam döwletiniň” jeňçilerinden yzyna almak boýunça iki hepde bäri barýan operasiýalarda Türkiýäniň oýnaýan göni roly ýok.

Ýöne Ankara Eýran tarapdan goldalýan şaýy ýarym harbylarynyň Mosuldaky sünni parahat ilata zulum-sütem etmeginiň öňüni almak üçin öz güýçleriniň operasiýalara gatnaşmalydygyny aýdýar.

Türkiýe bir tarapdan Yragyň kürt peşmerga söweşijilerine kömek edýär, bir tarapdan-da “Yslam döwletine” garşy göreşýän siriýaly kürtleriň Amerika tarapyndan goldalýan YPG söweşijilerine garşy söweşýär. Ankara bu topara Türkiýede gadagan edilen kürt işçi partiýasy PKK bilen ilteşikli diýip garaýar.

Ankara ýurduň günorta-gündogarynda 30 ýyldan gowrak bäri PKK garşy söweş alyp barýar. Bu konfliktde on müňlerçe adam öldi.

XS
SM
MD
LG