Sepleriň elýeterliligi

Belli rus masgarabazy ýogaldy


Netherlands -- Russian clown Oleg Popov performing at the circus in The Hague during his show, called the "Big Oleg PopowCircus The Hague.", August 29, 2010

Netherlands -- Russian clown Oleg Popov performing at the circus in The Hague during his show, called the "Big Oleg PopowCircus The Hague.", August 29, 2010

Rus resmileri belli sirk masgarabazy Oleg Popowyň ölmegi bilen baglylykda seljeriş işleriniň başladylandygyny mälim etdiler.

86 ýaşly Popow ýurduň günortasyndaky Rostow şäherine edýän saparynyň dowamynda, 2-nji noýabrda myhmanhanada ýüreginiň durmagy netijesinde ýogalypdyr. Bu barada Popowyň işlän sirkiniň dolandyryjysy maglumat berdi.

Derňew komiteti penşenbe güni Popowyň “ölümi bilen baglylykda derňewden öňki seljeriş işleriniň geçirilýändigini” mälim etdi.

“Güneş masgarabazy” ady bilen hem tanalýan Popow ýurduň iň ussat masgarabazlarynyň biri hökmünde bilinýärdi.

1969-njy ýylda Popowa Sowet soýuzynyň Halk artisti diýen at hem berilipdi. Ol 1991-nji ýylda Germaniýa göçüpdi. Popow 2015-nji ýylyň tomsunda, 24 ýyldan soň ilkinji gezek, Russiýada ýaňadandan çykyş edip başlapdy.

XS
SM
MD
LG